Ï «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy»
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy»

view-icon 3643
«Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy»

Türkmenistanda bir aýlap dowam edýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» biraýlygynyň dowamynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. 

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Köýtendag etrabyndaky wekili ýol howpsuzlygyny işjeň ösdürýär. Çäreler Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, bilim bölüminiň we etrap polisiýa bölüminiň ýol gözegçilik gullugynyň wekilleri bilen bilelikde geçirilýär. Bilim edaralarynda, çagalar baglarynda we guramalarda wagyz-ündew çäreleri geçirilýär. Çäreler, şeýle hem ýol howpsuzlygy, ýol hereketi düzgünleri, ilkinji kömek we keselleriň öňüni almak ýaly temalary öz içine alýar.

Şeýle çäreleriň biri şu gün Köýtendag etrabynyň 47-nji orta mekdebinde geçirildi. Okuwçylara ýol howpsuzlygy we ýol hereketi düzgünleri boýunça maglumatlar berildi. Köýtendag etrabynda ýerleşýän Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekili adatdan daşary ýagdaýlarda özüni alyp barşyň kadalary barada-da durup geçdi. Wagyz-nesihat çäresi mekdebiň howlusynda amaly sapak bilen tamamlandy. Mekdep okuwçylary we mugallymlary, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäginde ýaş nesiller üçin okuw guramak we geçirmek üçin döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärlerine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.