Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi we BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO) bilen bilelikde «Däneli ekinleri zyýan berijilerden goramak üçin mümkinçilikleri artdyrmak» atly bilelikdäki taslamanyň çäginde Aşgabatda okuw sapaklary geçirilýär.
Iki ýyllyk taslama şu ýylyň başynda başlandy we 2027-nji ýyla çenli dowam eder. Bu döwürde däneli ekinlere fitosanitar gözegçiligiň giň spektrine, täze himiki garyndylaryna we mör-möjekleriň, şeýle-de haşal otlaryň ösüşini we işjeňligini basyp ýatyrmagyň tehnologiýalaryna degişli birnäçe maslahatlary geçirmek meýilleşdirilýär.
Guramaçylaryň bellemegine görä, däneli ösdürip ýetişdirmek boýunça ylmy-önümçilik institutynyň meýdançasynda, ýurduň içinde hemme taraplaýyn ýokary hasyl almak üçin, şeýle-de Türkmenistan üçin adaty we täze bolan dürli usullary görkezjek meýdança dörediler, hünärmenler üçin dolandyryş edaralarynyň agronomlary (häkimlikler), daýhan birleşikleriniň däneli ekinleri öndürijileri we goňşy ýer eýeleri üçin meýdan okuwlary geçiriler.

Şeýle-de ylmy-önümçilik işiniň netijelerini görmek üçin ylmy jemgyýetiň, oba hojalyk uniwersitetleriniň, oba hojalyk kärhanalarynyň wekilleri çagyrylar. FAO-nyň Merkezi Aziýa (Budapeşt, Wengriýa) we Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryndaky sebitleýin wekili A.Şamylow birnäçe işjeň duşuşyklara gatnaşyp, şol sanda birnäçe gün dowam edýän maslahata gatnaşýandygyny, şeýle hem häzirki wagtda FAO-nyň goldamagy esasynda Türkmenistanda gowaçany goramak ýaly birnäçe ylmy taýdan gönükdirilen agro-ekologiki taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini belläp geçdi.
Maslahatda «Russiýanyň oba hojalyk merkezi» federal döwlet býujet institutynyň direktorynyň orunbasary Andreý Žiwyh we Federal döwlet býujet institutynyň Krasnodar bölüminiň ösümlikleri goramak bölümçesiniň başlygy Lýubow Gridýakina çykyş etdiler.

Türkmenistanyň myhmanlary Russiýada däneli ekinleri goramak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, zyýan berijileriň sanawy we olara garşy göreş usullary barada hasabat berdiler. Ekin meýdanlarynda ulanylýan pestisidleriň görnüşlerini ara alyp maslahatlaşdylar we dürli zyýan berijileriň ýaýramagyny seljerdiler. Şeýle-de çekirtge howpy baradaky meseleler, Merkezi Aziýa ýurtlary, GDA giňişligindäki ýurtlar, umumylykda Ýewraziýa boýunça hyzmatdaşlyk üçin geljegi uly tema hökmünde aýratyn üns berildi. Bu mesele boýunça pikir alşyldy.
Şeýle hem Türkmenistanly hünärmenler tejribe alyşmakda öz ýurtlarynda ýerine ýetirilen işleri, döwlet edaralarynyň we ylmy-amaly bölümlere degişli işleri düşündirip, olaryň infrastrukturanyň aýratynlyklaryny beýan etdiler. Karantin obýektleri bolup durýan, köpeliş merkezleri yzygiderli basylýan ösümlikler we mör-möjekler barada aýdyldy.
Maslahat Aşgabat şäherindäki «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda hepdäniň soňuna çenli dowam eder. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň garamagynda iş alyp barýan fitosanitar we ekin goragy boýunça kärhanalar hem-de gulluklar daşary ýurtly myhmanlar tarapyndan synlanylar.