Ï Ýer baradaky taslama badalga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýer baradaky taslama badalga berildi

view-icon 3961
Ýer baradaky taslama badalga berildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginiň ylmy-tehniki bölümleriniň gatnaşmagynda iki ýyllyk ýer taslamasy bilen tanyşdyryş maslahaty geçirildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO) bu taslama ylmy we tehniki taýdan goldaw berýär. Synag meýdançasyny Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky hojalykda ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Ol ýerde eýýäm taýýarlyk işleri başlanypdyr. Bu ýerde topragyň himiki düzümini kesgitlemek, ekinlere gözegçilik we adaty hem az ekilýän ekinleriň hasyllylygyny, şeýle hem ýeriň öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin toprakdan nusga alnyp derňeler we agronomik çäreler geçiriler.

Maslahatyň «okuw» maksatnamasy oba hojalyk önümlerini öndürijilere hem-de has giň oba hojalyk jemgyýetine görkezmek üçin tälim okuwlaryny we açyk «meýdan günlerini» öz içine alar. 

Daýhanlar bilen aragatnaşyk FAO-nyň Türkmenistandaky esasy hyzmatdaşlary bolan iki ministrlik – Oba hojalygy ministrligi we Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan Türkmenistanda köp ýyl bäri bilelikde durmuşa geçirilýän dürli agro-ekologiýa taslamalary çäginde ýola goýlan «daýhan mekdepleri» arkaly amala aşyrylar.

Amaly gözlegleriň netijesinde toplanan maglumatlar anyk netijeler bilen birlikde, Türkmenistanyň şertlerinde barlanan oba ekerançylyk ýerleriniň ýagdaýyny gowulandyryp biljek usullaryň maslahat berilýän sanawyny düzer. Bu daýhanlara peýdaly ösümlikleri ösdürip ýetişdirmäge täzeçe garamaga we ekin dolanyşygyny meýilleşdirmäge kömek eder. Mundan başga-da, öňdebaryjy hünärmenler üçin tejribe alyşmak bilen birlikde, toprak we howa şertleri meňzeş bolan beýleki ýurtlara tanyşlyk saparlary meýilleşdirilýär.