Ï Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasy tassyklanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasy tassyklanyldy

view-icon 6107

Ýurdumyzda maliýe bazarynyň has-da ösdürilmegini gazanmak we kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, döwrebap maliýe gurallaryny ornaşdyrmak, maliýe serişdeleriniň netijeli dolanyşygyny üpjün etmek hem-de bu ulgamda sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasy tassyklanyldy.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Strategiýanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.