Ï Türkmenistan Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesiniň ösüşiniň möhüm peýdasy bardygyny belledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesiniň ösüşiniň möhüm peýdasy bardygyny belledi

view-icon 1684
Türkmenistan Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesiniň ösüşiniň möhüm peýdasy bardygyny belledi

Türkmenistan Hazar deňziniň gündogar kenarýakasynyň ugry boýunça Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesiniň döredilmeginde uly geljegi görýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 9-njy oktýabrda Duşanbe şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Russiýa» atly ikinji sammitinde aýtdy.

«Ulag ulgamy bu gün aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň çäklerinden geçýän ygtybarly, durnukly, netijeli logistika ulgamynyň döredilmegi bu ugurda bilelikdäki hereketleriň esasy maksadydyr. Türkmenistan Hazar deňziniň gündogar kenarýakasynyň ugry boýunça Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesiniň döredilmeginiň uly mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýar. Bu ulag geçelgesi ähli gatnaşyjylara uly peýda getirer» – diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu geçelgäniň iri Ýewraziýa ulag taslamasynyň bir bölegi hökmünde garalýandygyny nygtap, Hazar deňziniň üsti arkaly Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Russiýanyň arasynda göni ulag gatnawlaryny ýola goýmak üçin Hazar ulag-logistika merkeziniň ähmiýetini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz sammite gatnaşyjylary Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň giň mümkinçiliklerini peýdalanmak babatynda pikir alyşmalara çagyrdy.