Ï Daşoguz welaýatynda şaly oragy alnyp barylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynda şaly oragy alnyp barylýar

view-icon 2040
Daşoguz welaýatynda şaly oragy alnyp barylýar

Orak işleri bu ekin üçin welaýatda esasy öndüriji bolup durýan Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň ýöriteleşdirilen hojalyklarynda giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde 4 müň 750 gektar meýdanynda S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde, 2800 gektarda bolsa «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde şaly ösdürilip ýetişdirildi.

Soňky ýyllarda şaly öndürmek işine hususy düzüm - «Ykbal açary» hojalyk jemgyýeti hem işjeň gatnaşýar, onuň şaly meýdanlary bu ýyl 600 gektara barabardyr. Umumylykda, welaýatyň şalyçylary her gektardan 43 sentnerden gowrak hasyl alyp, jemi 35 müň tonnadan az bolmadyk gymmatly dänäni ýygnamaga umyt edýärler. Bu ýyl hasylyň esasyny ýerli toprak, howa şertlerinde özüni gowy görkezen «Nöküs-2» we «Bereket» şaly görnüşleri düzdi.

Bulardan başga-da, ýokary depginde alnyp barylýan orak möwsümine zerur ýöriteleşdirilen tehnikalaryň, şol sanda «John Deere» we «CLAAS» kysymly ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň bolmagy ýardam edýär. Ýygnalan dänäni wagtynda daşamak üçin köp sanly awtoulaglar işjeň çekilýär. Oýlanyşykly guralan işler netijesinde, orak möwsümini bellenen möhletlerde üstünlikli geçirmek üçin ähli şertler döredildi.

Döwlet maýa goýumlary netijesinde sebitde ýokary hilli tohum önümçiligini, ekişi, oragy, saklamagy we gaýtadan işlemegi öz içine alýan önümçiligiň doly tapgyry döredildi. Ony ahyrky önüme Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän döwrebap, ýokary öndürijilikli kärhana gaýtadan işleýär.