Hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň düzümindäki önümçilik kärhanalarynda maksadalaýyk işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine Günbatar sebitiň Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Awaza döwlet elektrik stansiýasynda alnyp barylýan işler hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tagallasy bilen gurlup, 15 ýyl mundan ozal işe girizilen desgada ýylyň-ýylyna nusgalyk işler bitirilýär. Gürrüňi edilýän elektrik stansiýasy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän dürli derejeli köp sanly myhmanhanalary, şypahanany, toplumlarydyr desgalary, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, medeni-durmuş ähmiýetli binalary, şeýle-de kenarýaka şäherini üznüksiz elektrik energiýasy bilen yzygiderli üpjün edýär. Şeýle-de kärhana diňe Balkan welaýatynyň däl, eýsem tutuş ýurdumyzyň elektrik energiýasyna bolan isleglerini kanagatlandyrmakda hem wajyp ähmiýete eýe bolup durýar.
Ýeri gelende aýtsak, stansiýa kuwwatly gaz turbinalar, şeýle-de dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden getirilen ygtybarly enjamlar bilen birkemsiz enjamlaşdyrylandyr. Onuň işlän mahaly her bir turbinanyň özbaşdak ýagdaýdadygy bu ösen häzirki zaman elektrik stansiýasynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Ýokary tehnologiki elektron enjamy üçin göwnejaý şertleri döretmek maksady bilen bu ýerde emeli ýagdaýdaky mikroklimat kadaly saklanylýar. Şonuň ýaly-da desga halkara hil ülňülerine, ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryna laýyk gelýär.

Bu ýerdäki turbinalaryň saz we bökdençsiz işlemekleri üçin çekilen uzynlygy 14,5 kilometr bolan ýangyç geçirijisi awtomatlaşdyrylan gaz paýlaýjy stansiýa birikdirlendir. Açyk paýlaýjy enjam, kuwwatly enjamlar toplumy turbinany «Awazanyň» deňiz ýakasyndaky Türkmenbaşy şäheriniň hem-de tutuşlygyna alnanda ýurdumyzyň elektrik ulgamlary bilen baglanyşdyrýar. Möhüm desga 3 sany esasy, 15 sany kiçi bekedi özünde jemleýär. Şeýlelikde, syýahatçylyk zolagyny elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edip, energiýa ulgamlarynyň saz işlemegine aýgytly täsirini ýetirýär.
Berkarar döwletimiziň energetika ulgamy barada edýän aladalaryndan ruhlanan awazaly energetikler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen döwrüni ýokary önümçilik görkezijilerine beslediler. Has takygy, şu şanly ýylyň başyndan bäri 870 million 506 müň kilowat sagat elektrik togy öndürildi. Şeýle görkeziji meýilnamada bellenilenden 20 million 506 müň kilowat sagat köpdür. Şonuň ýaly-da önümçiligiň ösüş depgini 110 göterime çenli ýokarlandy. Gazanylan üstünlige garamazdan awazaly energetikler ýetilen sepgitler bilen çäklenmän, zähmet depginlerini günsaýyn artdyrýarlar. Munuň özi zähmetsöýer energetiklere hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk baýramyny guwandyryjy zähmet netijeleri bilen garşylamaga giň mümkinçilik berer.