Ï Hytaýyň Milli nebit korporasiýasy «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» atly XXX halkara maslahatynyň we sergisiniň platina hemaýatkäridir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hytaýyň Milli nebit korporasiýasy «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» atly XXX halkara maslahatynyň we sergisiniň platina hemaýatkäridir

view-icon 3204
Hytaýyň Milli nebit korporasiýasy «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» atly XXX halkara maslahatynyň we sergisiniň platina hemaýatkäridir

Sebitiň iň abraýly energetika forumlarynyň biri boljak «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» (OGT 2025) atly XXX halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylyk komiteti 2025-nji ýylyň 22–24-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek ýubileý çäresiniň platina hemaýatkäri hökmünde Hytaýyň Milli nebit korporasiýasynyň (CNPC) çykyş etjekdigini yglan etdi.

«CNPC» kompaniýasy Türkmenistanda öz işine 2002-nji ýylda nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny goýmak we inžener-tehniki hyzmatlaryny üpjün etmek arkaly başlady.

2007-nji ýylda «CNPC» kompaniýasy bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň arasynda «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägi boýunça önümi paýlaşmak hakynda şertnama we tebigy gazy uzak möhletleýin ibermek hakynda şertnama baglaşyldy. Şol ýylda kompaniýa Amyderýanyň sag kenaryndaky ýataklary senagat taýdan özleşdirmäge girişdi.

«Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägi Samandepe, Altyn Asyr we beýleki ýataklary öz içine alyp, «Türkmenistan – Hytaý» gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny ibermegiň esasy çeşmesi boldy.

Metbugat maglumatlaryna görä, taslamanyň çäklerindäki «CNPC» kompaniýasynyň umumy maýa goýumlary 9,4 milliard ABŞ dollaryndan geçýär.

2024 – 2025-nji ýyllarda «CNPC» kompaniýasy Türkmenistanyň gaz pudagyny ösdürmäge işjeň gatnaşmagyny dowam etdirýär. Şonda önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmaga, şol sanda «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägindäki gazy gaýtadan işleýän zawod – GGIZ-2-ni giňeltmäge; kompressor rotorlaryny abatlamaga we olara hyzmat etmäge; desgalaryň ygtybarlylygyny we geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak üçin önümçilik netijeliligini has-da kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär.

Bu başlangyçlar «CNPC» kompaniýasynyň Türkmenistanyň energetika düzümini döwrebaplaşdyrmagy goldamaga we onuň tehnologik binýadyny pugtalandyrmaga bolan ymtylmasyny görkezýär.

Korporatiw strategiýasyna laýyklykda, «CNPC» kompaniýasy 2050-nji ýyla çenli uglerodyň zyňyndylarynyň nol derejesine ýakyn derejä ýetmek maksadyny goýup, «arassa alternatiwalaryň, strategik çalşyrmanyň we ýaşyl ösüşiň» ýörelgelerine ygrarly bolup durýar.

Kompaniýa sanly we innowasion çözgütleri işjeň ornaşdyrýar, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamyndaky taslamalary ösdürýär we öz işiniň ekologiýa standartlaryny gowulandyrýar.

Bu maksatlar «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» atly XXX halkara maslahatynyň we sergisiniň «Energiýa. Innowasiýa. Ösüş.» şygary bilen sazlaşyp, Türkmenistanyň we «CNPC» kompaniýasynyň durnukly ösüşe we tehnologik öňe gidişlige bolan ýörelgeleriniň bitewiligini nygtaýar.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» atly XXX halkara maslahatynyň we sergisiniň platina hemaýatkäri hökmünde çykyş etmek bilen, «CNPC» kompaniýasy Türkmenistanyň energetika pudagyny ösdürmäge bolan uzak möhletleýin ygrarlylygyny tassyklaýar.

Kompaniýanyň gatnaşmagy foruma halkara derejesini berýär we energetika pudagynyň dünýä we sebitleýin liderleriniň arasynda tejribe alyşmaga ýardam edýär.

Jikme-jik maglumatlary we hasaba alynmak üçin resmi saýty: www.ogt-turkmenistan.com .