Ï Ekologik çemeleşme tebigy gazy çykarmakda Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ekologik çemeleşme tebigy gazy çykarmakda Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary

view-icon 1264
Ekologik çemeleşme tebigy gazy çykarmakda Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary

«Türkmengaz» döwlet konserni önümçiligiň gaz çykarmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, gaz-himiýa senagatyny ösdürmäge gönükdirilen iri taslamalary durmuşa geçirende metan taşlandylaryny azaltmaga aýratyn üns berýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» halkara maslahatyň we serginiň öňüsyrasynda geçirilen duşuşykda aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan metan taşlandylaryna gözegçilik etmek we barlag ulgamlaryny, şol sanda hemra we ýerüsti gözegçilik ulgamlaryny işjeň ornaşdyrýar. Mysal üçin, M.Arçaýew önümçiligiň artmagyna garamazdan, 2020-nji ýyldan bäri metan taşlandysynyň umumy möçberiniň 10% azalandygyny tassyklady.

Döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary gaz önümçiligi pudagynda 2025-2026-njy ýyllar üçin metan taşlandylaryny azaltmak boýunça milli «Ýol kartasynyň» yzygiderli durmuşa geçirilýändigini, ýany bilen çykýan gazy ulanmak taslamalarynyň işlenip düzülýändigini we kompressor beketleriniň döwrebaplaşdyrylýandygyny belledi.

«2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň nebit we gaz senagatyny ösdürmek maksatnamasynyň çäginde biz halkara ylalaşyklaryny baglaşýarys. Hususan-da, «Baker Hughes» kompaniýasy bilen şertnama baglaşdyk we kompressor beketlerini abatlamak we döwrebaplaşdyrmak üçin «Siemens Energy» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmagy meýilleşdirýäris. Bu enjamlaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, basyş ýitgilerini peseltmäge we metan syzmalaryny azaltmaga kömek eder» diýip, «Türmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary aýtdy.

M.Arçaýew şeýle hem Türkmenistanyň tebigy gaza esaslanýan arassa energetika geçmek ugrunda maksatly iş alyp barýandygyny nygtady, bu energetika ähli uglewodorodlaryň arasynda ekologiýa taýdan iň arassa bolmagynda galýar we az uglerodly geljege ýetmekde möhüm orny eýeleýär.