10.07.2026
17145
ŞAMYRADOW A.A. hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Şamyradow Atageldi Aşyrowiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň medeniýet ministri wezipesinden boşatmaly.
10.07.2026
17123
G.Ş.MYRADALYÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Gurbanmyrat Şyhmyradowiç Myradalyýewi Türkmenistanyň medeniýet ministri wezipesine 6 aý synag möhleti bilen belläp, ony Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
10.07.2026
9846
HOJABERDIÝEW A.H. hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Hojaberdiýew Artykguly Hojageldiýewiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, «Nesil» gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşatmaly.
10.07.2026
8251
H.H.ŞANAZAROWA hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Hallygözel Hangeldiýewna Şanazarowany «Nesil» gazetiniň baş redaktory wezipesine 6 aý synag möhleti bilen bellemeli.
10.07.2026
9881
D.M.GENJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Durdy Meýmanowiç Genjiýewi Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
10.07.2026
5621
H.AŞYRMYRADOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Hojamyrat Aşyrmyradowy Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine belläp, ony Balkan welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
10.07.2026
5531
R.W.JUMAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Röwşen Welmyradowiç Jumaýewi Balkan welaýatynyň häkimi wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
10.07.2026
4348
E.M.AŞYROW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Ezizgeldi Meretgeldiýewiç Aşyrowy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
10.07.2026
3991
D.O.ANNABERDIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Döwranberdi Orazberdiýewiç Annaberdiýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Mary welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
10.07.2026
7177
B.D.ORAZGYLYJOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Batyr Durdygylyjowiç Orazgylyjowy Mary welaýatynyň häkimi wezipesine bellemeli.