17.03.2022
12977
Himiýa boýunça halkara olimpiada bäsleşige çagyrýar
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti himiýa boýunça Halkara internet-olimpiada-2022 bäsleşigini geçirýär, oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyryldy.
17.03.2022
6767
Watan mukaddesligi muzeýinde daşary ýurt dillerinde audiogidler bar
Halk hakydasy ýadygärlikler toplumynyň Watan mukaddesligi muzeýinde hindi dilindäki audiogid işläp başlady. Ozal sesli gezelençler türkmen, rus we iňlis dillerinde geçirilýärdi.
17.03.2022
8156
Ýazlyk sogan ekişi üstünlikli geçirildi
Daşoguz welaýatynda ýazlyk sogan ekişi martyň birinji ýarymynda üstünlikli tamamlandy. Ýokary derejede guramaçylykly geçirilen işleriň netijesinde, ýurdumyzyň demirgazyk sebiti üçin kabul ederlikli möhletde öten ýylkydan iki esse diýen ýaly uly meýdana sogan ekildi.
17.03.2022
6953
Owazyň äleme ýaýran, dutarym!
Gahryman Arkadagymyzyň halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek barada aýdanlaryndan ugur alnyp häzirki döwürde ýurdumyzyň Lebap welaýatynda hem ussat halypalardan bu hormatly hünäri ele alýan zehinli ýaşlaryň sany barha artýar. Ýaş nesle bu sungatyň inçe syrlaryny öwredýän şeýle halypalaryň biri hem dutar ýasamak senetkärçiligini ykbal edinen halypa dutar ussasy, Halaç etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň zähmet mugallymy Agamyrat Rozyýewdir.
17.03.2022
4025
Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hünärmenleriniň we Russiýa federasiýasynyň Astrahan şäherindäki döwlet uniwersitetiniň wekilleriniň wideomaslahatynda Astrahan oblastynyň bilim edaralarynda milli hünärmenleri taýýarlamagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäräni «Платформа» institutynyň meýdançasynda sebit daşary gatnaşyklar ministrliginiň ýardam bermeginde Astrahan oblastynyň bilim we ylym ministrligi gurady.
17.03.2022
7357
AFK Kubogy-2022 ýaryşynda «Altyn asyryň» soňky bäsdeşi kesgitlenildi
Özbegistanyň «Sogdiana» kluby AFK Kubogy-2022 ýaryşynda «E» toparda Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol toparynyň bäsdeşi boldy.
17.03.2022
5915
Irlandiýanyň Prezidentine gutlag haty
Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň milli baýramy — Keramatly Patrigiň güni mynasybetli Irlandiýanyň Prezidenti Maýkl D.Higginse we Irlandiýanyň ähli halkyna mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
16.03.2022
3520
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Türkmenistanyň saýlanan Prezidentini gutlady
Şu gün Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.