10.02.2022
9640
Suw-batgalyk ýerler – bioköpdürliligi saklaýan ekoulgamlar
Ramsar konwensiýasynyň sekretariaty hemme fokal-poýntler üçin Konwensiýanyň taraplary bolan ýurtlarda (sanly ulgam arkaly) suw-batgalyk ýerleri goramaga bagyşlanylan okuw maslahatyny geçirdi.
09.02.2022
6733
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine hem-de howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, olaryň işlerini kämilleşdirmek meselelerine garaldy.
09.02.2022
14382
Taryhy-medeni miras milletiň ruhy baýlygynyň binýadydyr
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
09.02.2022
8460
Aşgabatda Halkara pediatriýa we stomatologiýa merkezleri gurlar
Hormatly Prezidentimiz bu ugurda Halkara pediatriýa merkezini we paýtagtymyzda ýene-de bir Stomatologiýa merkezini gurmagyň maksadalaýykdygy barada aýtdy hem-de wise-premýere bu meseleleri düýpli öwrenmegi tabşyrdy.
09.02.2022
10240
Spanbond matalarynyň önümçiligi artýar
«Garagum» hojalyk jemgyýeti dokalmaýan matanyň täze görnüşini – spanbond mata çykarmagy özleşdirýär. Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda telekeçiler bu matanyň görnüşiniň ýylda 2500 tonnasyny öndürýän zawodyny gurdular.
09.02.2022
10174
Bagşyçylyk sungaty täze sahnalaşdyrylan «Görogly» şadessanynda öz beýanyny tapar
Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry «Görogly» şadessanynyň esasynda täze oýun goýup başlady. Teatr sahnasynda şadessanynyň iň möhüm bölümleriň biri «Bezirgen» öz beýanyny tapar.
09.02.2022
9202
Halk maslahaty mynasybetli paýtagtyň jemgyýetçilik awtobuslary ýörite ýazgylar bilen bezeldi
11-nji fewralda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi mynasybetli «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň şäheriçi jemgyýetçilik awtobuslar ýazgylar bilen bezeldi.
09.02.2022
9811
«Eýran kinosynyň günleri» geçirilýär
Eýranyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň medeni wekilhanasynda 3-nji fewraldan 11-nji fewral aralygynda pars dilini öwrenýänleriň we eýran kinosynyň türkmen muşdaklarynyň gatnaşmagynda «Eýran kinosynyň günleri» atly medeni çäre geçirilýär.
08.02.2022
5834
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Garaşsyz döwletimizi ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek we ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk pudagynda möwsümleýin işleri ýokary derejede geçirmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
08.02.2022
9342
2022-nji ýylda kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de ordinatorlaryň sany tassyklanyldy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine, ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, dilini we edebiýatyny ylmy esaslarda öwrenmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.