24.12.2021
9379
«Ak gar ýaly ak arzuwly Täze ýyl!» sergisiniň gyş manzarlary we täze ýyl natýurmortlary
Şekillendiriş sungaty sergi merkezinde gyş tematikasyna bagyşlanan suratlaryň we çeper fotosuratlaryň sergisi açyldy.
24.12.2021
13333
Türkmenistan “Sputnik Laýt” sanjymyny bellige aldy
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Sputnik Laýt» sanjymyny bellige aldy hem-de ýurdumyzyň çäklerinde ony ulanmak babatda degişli şahadatnamany berdi.
24.12.2021
7945
Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi 2021-nji ýylyň netijeleri boýunça metbugat maslahatyny geçirdi
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin Aşgabatda 2021-nji ýylyň netijelerine bagyşlanan metbugat maslahatyny geçirdi.
24.12.2021
16286
«Hasar» HJ-nyň süýji tagamlary
«Hasar» hojalyk jemgyýeti Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli sowgatlarynyň 140 müňden gowragyny taýýarlady. Sowgatlarda hemmeleriň halaýan şirin nygmat tagamly kökedir kemputlaryň dürli görnüşleri bar.
24.12.2021
7531
Türkmenistan Özbegistanyň importy we eksporty boýunça esasy ýurtlaryň onlugyna girýär
Özbegistan Respublikasynyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň metbugat gullugynyň 2021-nji ýylyň dekabrynda çap eden maglumatlaryna laýyklykda, Türkmenistan goňşy respublika haryt ugratmak boýunça esasy ýurtlaryň onlugyna girýär.
24.12.2021
5665
Türkmen kärhanalaryna ISO şahadatnamalary berildi
Balkan welaýatynyň «Batly gadam» hususy kärhanasyna we «Türkmen deňiz hyzmatlary» HJ-ne ISO halkara ülňüleriniň talaplary boýunça halkara sertifikatlary berildi.
24.12.2021
5005
Ýaz ekişine taýýarlyk
2021-nji ýylda döwlete pagta tabşyrmaklygyň şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen berjaý eden Lebap welaýatynyň obasenagat toplumynyň işgärleri ýurdumyza rysgal – bereket bolup gadam basýan Täze 2022-nji ýylda hem «Ak altynyň» bol hasylyny ýetişdirmek üçin giň gerimli işleri durmuşa geçirýärler.
24.12.2021
8357
Sergi geçirildi
Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebinde halk ertekileriniň we Magtymgulynyň eserleriniň bezegine yglan edilen bäsleşige 240 okuwçy gatnaşdy.
23.12.2021
9940
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Ekologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk ählumumy möhüm wezipedir
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda şu ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň barşynda häzirki wagtda ählumumy gün tertibinde durýan howanyň üýtgemegi, ekologiýa, daşky gurşawy goramak ýaly möhüm meselä aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hususan-da, ekologiýa taýdan arassa energiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki hereketler ylalaşyldy. Soňky döwürde bu babatda kabul edilen halkara resminamalar bar bolan gurallary pugtalandyrmaga ýardam eder.
23.12.2021
12880
Türkmenistanyň Prezidentiniň A.G.Rejepalyýew hakynda Permany
Rejepalyýew Atamyrat Gurbandurdyýewiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.