29.08.2021
4720
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe ýurduň Žambyl welaýatyndaky harby bölüminde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly adatdan daşary ýagdaý zerarly gynanç hatyny iberdi.
28.08.2021
4741
Halkara medeni forum
14 – 15-nji sentýabr aralygynda Özbekistanda ÝUNESKO bilen «Orta Aziýa dünýä siwilizasiýanyň çatyrygynda» atly Halkara medeni forumy geçirmek göz öňünde tutulýar. Duşuşyga Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarusyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
27.08.2021
6500
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
27.08.2021
5115
Türkmen işewürliginiň wekilleriniň milli programma önümlerini döretmek we enjamlary öndürmek taslamalaryny maliýe taýdan goldarlar
Milli ykdysadyýetimize dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak arkaly sanly ykdysadyýeti emele getirmek, elektron senagaty ösdürmek, ýurdumyzy öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetirmek, “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti «Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň milli programma önümlerini döretmek we enjamlaryny öndürmek hem-de satyn almak we ulanyşa girizmek boýunça taslamalaryny maliýe taýdan goldamak hakynda» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi hem-de “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy bilen bilelikde milli programma önümlerini döretmek we enjamlary öndürmek boýunça işler üçin ýyllyk 2 göterim bilen, 2 ýyl ýeňillikli döwri bolan 5 ýyl möhlete hem-de taýýar milli programma önümleriniň we enjamlarynyň satyn alynmagy we ulanyşa girizilmegi üçin ýyllyk 2 göterim bilen, 6 aý ýeňillikli döwri bolan 3 ýyl möhlete kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine karzlary bermegiň Tertibini iki aý möhletde taýýarlamak hem-de bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.
27.08.2021
5732
«Türkmendokma» daşary söwda kärhanasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrüler
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda dokma pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de pudagyň kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Türkmendokma” daşary söwda kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony “Türkmendokma” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy.
27.08.2021
4898
Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Yslam Korporasiýasyna agza bolmak bilen işleri geçirmäge ygtyýar berildi
Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmek, ýurdumyza maliýe serişdelerini çekmekde halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň adyndan Yslam ösüş bankynyň Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Yslam Korporasiýasyna agza bolmak we bellenen tertipde resmileşdirmek bilen bagly işleri geçirmäge ygtyýar berildi.
27.08.2021
7214
Taryhy ýeňşiň beýany
950 ýyl mundan ozal - 1071 nji ýylda Mansikerdiň (häzir Malazgirt etraby we şäheri) eteginde soltan Alp-Arslanyň baştutanlygynda türk-seljuklarynyň we Wizantiýa hökümdarlygynyň hökümdar Roman IV Diogeniň başda durmagynda Wizantiýa hökümdarlygynyň goşunynyň arasynda taryhy söweş bolup geçdi. San taýdan artykmaçlygyna garamazdan wizantiýalylar güýçli zarba netijesinde ýeňlişe sezewar bolup, oguz-türkmenleriniň Kiçi Aziýanyň jümmüşine toparlaýyn aralaşmak hereketine ýol açmagyna getirdi.
27.08.2021
5880
Türkmenistanyň DIM-de Ýaponiýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi.
26.08.2021
7797
Wise-premýerler jogapkär edilip bellenildiler
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we häkimleriň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
26.08.2021
6606
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň düzümini tassyklady
Ýurdumyzda keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, raýatlaryň saglygyny gorap saklamak, şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň düzümi tassyklanyldy.