Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myrat Akmyradowiç Mämmedow Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary — Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesine bellenilip, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň baş müdiri wezipesinden boşadyldy.
25.08.2021
5514
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Öwezow B.G. hakynda
Podpolkownik Öwezow Bekmyrat Gurbanberdiýewiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesinden boşatmaly.
25.08.2021
13715
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany N.M.Atagaraýew hakynda
Podpolkownik Nazar Muhammetmyradowiç Atagaraýewi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine bellemeli.
25.08.2021
19340
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany G.K.Ataýewa hakynda
Gurbangül Kakalyýewna Ataýewany Türkmenistanyň bilim ministri wezipesine bellemeli.
25.08.2021
5898
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany S.Toýlyýew hakynda
Sapardurdy Toýlyýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli.
25.08.2021
8710
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky iri dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
25.08.2021
5484
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň alyp barýan işleriniň netijelerine we bu ugurda öňde durýan ilkinji derejeli wezipelere garaldy. Mejlise hökümet agzalary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.
25.08.2021
5123
Zenan türgeni Polina Gurýewanyň üstünligine bagyşlanan maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Tokioda geçirilen XXXII tomusky, Olimpiýa oýunlarynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça çykyş edip, olimpiýa oýunlarynyň medalyna mynasyp bolan Polina Gurýewanyň üstünligine bagyşlanan, «Halkara sport äleminde Arkadagdan arkaly, giň dünýäde sarpaly ýurdumyzyň zenan türgenleriniň orny» atly maslahaty geçirildi.
25.08.2021
4495
Sazandalaryň bäşligi
«Aşgabat» seýilgähindäki Medeniýet merkezinde «Göwünleriň joşguny» («Душа поет…») atly kalplary gopduryjy kamera konserti geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestrniň bäş solisti —Selbi Öwezowa (fleýtada), Ýusup Öwezow ( klarnetde), Aýbölek Muhiýewa (skripkada), Elman Hasyrow (altda), Ýusupgeldi Gandymow (Wiolonçelde) — aşgabatly diňleýjileriň öňünde täze saýlanan ajaýyp eserleriň nusgawy sazlary bilen çykyş etdiler.
25.08.2021
8183
“Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany
Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.