04.03.2021
3440
Hazaryň kenarýaka zolagynyň ýataklary işlenilýär
«Türkmennebit» Döwlet konserniniň edaralary «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň hünärmenleriniň ýardam bermeginde Hazaryň kenarýaka zolagyndaky geljegi bolan «Demirgazyk Goturdepe» we «Uzyn ada» täze ýataklaryny senagat taýdan işe girizmek boýunça taslamany üstünlikli durmuşa geçirýärler.
04.03.2021
6373
Daşary ýurtlarda Türkmenistanda öndürilen joraplara isleg artýar
«Akar Tekstil» hojalyk jemgyýetiniň ýakyn wagtda jorap önümlerini iri eksport ediji bolmagy mümkin. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän kärhananyň arassa pagtadan we laýkra bilen garyşyk ýüplükden öndürýän erkek adamlaryň, zenan we çagalar joraplarynyň on bäş görnüşine ýurdumyzyň içinde-de, daşynda-da isleg uly.
04.03.2021
14397
Myrat Sadykow: türkmen estradasynda öçmez yz galdyran zehin
«Ýuwaş! Synag gidýär!» ýazgyly işik açylyp, Türkmen döwlet sazçylyk uçilişşesiniň kabul ediş toparynyň öňünde görmegeý sypaýy ýigit, «Suwhojalygytaslama» institutynyň kiçi ylmy işgäri peýda boldy. Topar agzalary ondan ilki bilen: «Ýaş ýigit ýalňyşan dälsiňiz-ä? – diýip sorajak boldular. Ýöne dalaşgär Sadykow Myrat diýip adyny aýtdy. Topar agzalary köpi gören adamlar: olar üýtgeşik zehinlere-de, munuň tersine, juda çöňňelere-de, şeýle hem durmuşyny düýpgöter üýtgedip, aýdymçy bolmaga höwes edýän skripkaçylardyr pianinoçylara hem gabat gelýärler. Ýöne ylmy işgäriň okuwa girmäge dalaşgär bolanyny welin heniz görmändiler. Myrat Sadykow aýdyma başlandan talapkär topar agzalarynyň ýüregi pagyş-para eräp gitdi...
04.03.2021
7374
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow EKO-nyň sammitine gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV sammitiniň işine gatnaşdy.
03.03.2021
3447
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy.
03.03.2021
3170
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde onlaýn görnüşinde Türkmenistanyň we Germaniýanyň fizioterapewt hünärmenleriniň duşuşygy geçirildi.
03.03.2021
20236
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
02.03.2021
12214
BMG-niň Baş sekretarynyň Gutlagy
Türkmenistanyň BMG-ä girmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli geçirilen “Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk” atly maslahata gatnaşyjylara
02.03.2021
2369
Fransiýanyň Senaty Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär
Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şöhrat Jumaýewiň senator, Fransiýa-Merkezi Aziýa Senat dostluk toparynyň ýolbaşçysy Erwe Moreý bilen duşuşygy boldy.
02.03.2021
4958
Ýurdumyzyň demirgazygynda kartoşka ekişine taýýarlyk görülýär
Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda kartoşka ekmäge niýetlenen ýeriň üçden bir bölegine golaýynda hususy telekeçiler ekin ýetişdirerler. Munuň üçin olara «N.Andalyp» daýhan birleşiginde döredilen oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasyndan 350 gektar ýer bölünip berildi.