19.08.2025
7327
Jemgyýetçilik ösüşinde milli ýörelgeleriň orny pugtalandyrylýar
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň ýerlerde alyp barýan işleri, öňde durýan wezipeler baradaky hem-de käbir guramaçylyk meseleleri girizildi.
19.08.2025
7526
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan türkmen, iňlis, rus dillerinde çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
19.08.2025
4474
Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Palestina Döwletiniň Ilçisi bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rana Abu Hijlehiň arasynda duşuşyk geçirildi.
19.08.2025
8317
Aşgabatda robot gämi ýaryşy geçirildi
Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebinde ýaşlaryň arasynda robot gämi ýaryşy geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi bilen «Döwrebap maslahat» hususy kärhanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşik ýurdumyzyň çar künjünden ýaşlaryň 60-a golaýyny bir ýere jemledi.
19.08.2025
9093
Aşgabat ilkinji gezek ITF «Level 2» derejesindäki sebitleýin tälimçilik okuwlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi
Türkmenistanda Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) ýokary derejeli tennisçiler üçin «Level 2» sebitleýin tälimçilik okuwlary tamamlandy.
19.08.2025
7850
«Arkadag» futbol topary «Altyn asyr» toparyny üçünji ýeňlişine sezewar etdi
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän 2025-nji ýylyň futbol boýunça Türkmenistan çempionatynyň 17-nji tapgyryň üç duşuşygy geçirildi.
19.08.2025
7031
«Kids Expo 2025» sergisinde çagalara we ene-atalara näme garaşýar?
«Kids Expo: hemme zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy tomsuň iň garaşylýan çäreleriniň biridir. 21 – 23-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde geçiriljek sergi-ýarmarka, çagalary we olaryň ene-atalaryny gyzykly bäsleşikler, ussatlyk sapaklaryň dünýäsi bilen tanyşmaga çagyrýar.
18.08.2025
7694
Hususy pudagyň forumynyň netijeleri: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Hususy pudagyň forumy hem geçirildi.
18.08.2025
6347
Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy: gijeler salkynlap başlaýar
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň çaklamalaryna görä, 18 – 24-nji awgusty aralygynda ýurdumyzda üýtgäp durýan howa garaşylýar.
18.08.2025
8604
Täze okuw ýylyna taýýarlyk işleriniň tamamlaýjy tapgyry dowam edýär
Daşoguz welaýatynyň umumybilim berýän okuw mekdeplerinde täze okuw ýylyna taýýarlyk işleriniň toplumlaýyn jemleýji tapgyry alnyp barylýar.