14.08.2024
4833
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä we Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife Pakistan Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
13.08.2024
4311
Türkmenistanyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna bardy
Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün irden Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda ýerleşýän, tebigatyň täsin “merjeni” hasaplanýan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna ugrady.
13.08.2024
6467
G.Begenjow “Türkmenistan” teleýaýlymynyň başlygy wezipesine bellenildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýagmyr Döwletmyradowiç Nuryýew, saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmenistan” teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.
13.08.2024
15600
Çagalar hakynda alada — döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri
Bagtyýar durmuşda ýaşaýan çagalaryň şatlykly gülküleri ýurdumyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň häzirki we ertirki gününe bolan ynamyň iň ajaýyp güwäsidir. Bu çagalyk owazy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has belentden ýaňlanýar.
13.08.2024
4858
Meşhur türkmen halysy Moskwada sergide görkezildi
Moskwadaky Bütinrussiýa bezeg sungaty muzeýinde «Taryhlar» halysy atly uly sergi açyldy. Muzeýiň ýedi zalynda 1930 – 1980-nji ýyllarda Russiýanyň, Kawkazyň we Orta Aziýanyň halyçylyk merkezlerinde dokalan halylaryň uly toplumy sergilenipdir.
13.08.2024
5559
Hazar parahatlyk, ynanyşma we hyzmatdaşlyk deňzidir
Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlarynyň we «Altyn asyr» teleýaýlymynyň žurnalistleriniň gatnaşmagynda «Gojaman Hazar: dostluk, parahatlyk söýüjilik deňzi» mowzugynda «Tegelek stol» geçirildi.
13.08.2024
5961
Daşoguzyň sahna oýunlaryny söýüjileri üçin täze sahna eserleri görkezilmäge taýýarlanylýar
Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary nobatdaky teatr möwsümine täze ajaýyp sahna eserlerini taýýarlaýar. Ýola goýlan asylly däbe görä, täze teatr sowgady iň ýaş tomaşaçylara niýetlenendir. Görnükli režissýor Guwanç Baýmedow şu günler dramaturg Aýmämmet Işangulyýewiň adybir eseri boýunça «Aýperi» ertekisini sahnalaşdyrmagyň üstünde işleýär.
13.08.2024
4518
Berlinde «Garagum sährasynyň mukamy» atly konsert bolar
Türkmenistanyň ýaşlar kamera sazlary ansambly şu ýyl özüniň 25 ýaşyny belleýän «Young Euro Classic» (Ýaşlaryň Ýewro nusgasy) atly baýramçylyk maksatnama gatnaşar. Türkmen sazandalarynyň 24-nji awgusta meýilleşdirilen «Garagum sährasynyň mukamy» atly konsertiniň deslapky bildirişinde: «Kirişli kwartet we goboýly türkmen sazynda, şeýle hem dutar, gyjak we tüýdük üçin ýazylan eserlerinde beýan ediş görnüşiniň dürlüligini özüňiz üçin açyň!» diýilýär.
13.08.2024
4469
Ýurdumyzda Halkara ýaşlar güni bellenildi
Her ýylyň 12-nji awgustynda bellenilýän Halkara ýaşlar güni Türkmenistanda hem baýram edildi. Baýramçylyk mynasybetli dünýäniň ösüşinde we gurluşynda özüniň ornuny görkezmek isleýän ýüzlerçe ýaşlar «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde ýygnandy.
12.08.2024
4931
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.