24.04.2024
5755
Türkmenistanyň Waşingtondaky Ilçihanasy beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli küşt boýunça ýaryş geçirdi
2024-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Waşingtondaky Ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň ömrüni we mirasyny bellemek üçin ajaýyp meýdança öwrülen küşt boýunça ýaryş gurady. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Türkiýäniň, Russiýa Federasiýasynyň, Gruziýanyň we Belarusiýanyň diplomatlary gatnaşdylar.
24.04.2024
9982
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen olimpiadanyň netijelerini yglan etdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bu ýokary okuw mekdebiniň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçiren ders olimpiadanyň ýeňijilerini we onda baýrakly orunlary eýelänleri yglan etdi.
24.04.2024
5543
«Gündogar – inçe mesele ...»
Şeýle atlandyrylan konsert Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda geçirildi.
24.04.2024
5127
Astrahan şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 23-nji aprelinde Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Türkmenistanyň konsullygynyň binasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi.
24.04.2024
5533
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde EKOSOS-yň Forumyna gatnaşdy
2024-nji ýylyň 22-24-nji apreli aralygynda Maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ösüşi maliýeleşdirmek babatynda geljekki çäreler boýunça EKOSOS-yň forumyna gatnaşdy.
24.04.2024
5937
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Bir belent ykbal sen illere, bedew!» atly çäre geçirildi
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň kitaphanasynda ýetip gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Bir belent ykbal sen illere, bedew!» atly medeni çäre geçirildi.
24.04.2024
5994
Köpetdagyň gözel dag eteginde atlaryň çekeleşikli uzak aralyga ýörişi geçirildi
Öňden gelýän asylly däbe görä, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýurdumyzyň tanymal atçylyk toplumlaryna wekilçilik edýän 20 atyň gatnaşan ahalteke atlarynyň uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi.
24.04.2024
4568
Türkmen ýokary okuw mekdebindäki maslahatda ulag ulgamynyň ösdürilişi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň goldaw bermeginde ýurdumyzyň ulag pudagyny ösdürmegiň geljegine bagyşlanan maslahat geçirildi.
24.04.2024
7412
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi
Şu gün — giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi.
24.04.2024
6980
«Parfiýa gurluşyk» hususy kärhanasy azyk önümleriniň bolçulygyna mynasyp goşant goşýar
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň, maddy hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanmagynda hususy hojalyk ulgamynyň önüm öndürijileri abraýly orny eýeläp, göwnejaý hyzmatlary bitirýärler.