04.04.2024
4582
Türkmen-täjik gepleşikleriň netijeleri boýunça birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikleriň netijeleri boýunça birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.
04.04.2024
3801
Duşenbede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Täjigistanyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi
Şu gün Duşenbe şäherindäki “Kasri Millat” köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi.
04.04.2024
8190
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň gatnaşyklary pugtalandyrýar
2024-nji ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Premýer-ministri F.Kişida tarapyndan bu ýurtdaky daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary üçin külli musulman dünýäsinde mukaddes Remezan aýynda gurnalan agzaçar çäresine gatnaşdy.
04.04.2024
11735
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistana resmi sapary başlandy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady.
04.04.2024
3672
Rumyniýada geçiriljek sarp edilýän harytlaryň halkara sergisinde türkmen telekeçileriniň önümleri bolar
Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri 2024-nji ýylyň 16-njy maýyndan 19-njy maýyna çenli Rumyniýanyň paýtagty Buharestde her ýyl geçirilýän sarp edilýän harytlaryň halkara sergisine gatnaşyp bilerler. Sergini «ROMEXPO S.A.» guraýar.
04.04.2024
4572
Ýurdumyzyň Balkan we Daşoguz welaýatlarynda häzirki zaman barlaghana enjamlaryny oturtmak işleri tamamlandy
Döwrebap barlaghana enjamlaryny oturtmak işleri Balkan welaýatynyň ähli etraplarynda ýerleşýän 14 we Daşoguz welaýatynyň ähli etraplarynda bar bolan 16 kliniki barlaghanada üstünlikli tamamlandy.
03.04.2024
7749
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle-de gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
03.04.2024
4628
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy söwda toplumynyň sergisine baryp gördi
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan sergä baryp gördi. Bu ýerde ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli düzümleriň we telekeçileriň harytlarynyň, öndürýän önümleriniň dürli görnüşleri hem-de hyzmatlary hödürlenilýär.
03.04.2024
10722
Hormatly Prezidentimiz prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda degişli resminamalara gol çekdi
«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
03.04.2024
5781
Türkmenistanda Sloweniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Darýa Bawdaž Kuretden ynanç hatyny kabul etdi.