17.09.2026
2315
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garaşsyzlygyň aýdyň ýolunda ykdysadyýetimiziň gazanan uly üstünlikleriniň özboluşly görkezijisi hökmünde guralýan bu serginiň ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini giňden ýaýmakda möhüm ähmiýeti bardyr.
16.09.2026
2173
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
Şu gün Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýyl ýazgysynda taryhy sahypany açýan “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşdy.
16.09.2026
1662
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
Ilki bilen, sizi mähirli mübäreklemäge hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti hormatly jenap Li Çže Mýona bildirilen myhmansöýerlik, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesi we bilelikdäki iş üçin döredilen şertler üçin minnetdarlygymy bildirmäge rugsat ediň!
16.09.2026
1118
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammitindäki çykyşy
Siziň ähliňizi Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda netijeli dialog üçin möhüm we abraýly işewürlik meýdançasyna öwrülen işewürlik sammitiniň mejlisinde mähirli mübärekleýärin. Bu işewürlik dialogyna ýurtlarymyzyň arasynda dürli ugurlar boýunça doly formatly, yzygiderli we uzak möhletli ykdysady, söwda, maýa goýum hem-de işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm başlangyç nokady hökmünde garaýaryn.
16.09.2026
2507
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri dabaraly açyldy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet saparyna gabatlanyp, şu gün Gwangju şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi.
16.09.2026
1899
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Bilelikdäki ösüş komitetiniň başlygy bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Bilelikdäki ösüş komitetiniň başlygy Li Dal Gonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
16.09.2026
1603
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Koreýa Respublikasynyň Ählumumy innowasion barlaglar institutynyň direktory bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Koreýa Respublikasynyň Ählumumy innowasion barlaglar institutynyň direktory Kim Jin Pýonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
16.09.2026
1638
Türkmenistanyň wekiliýeti Bakuda geçirilen TDG-niň agza döwletleriniň musulman dini müdiriýetleriniň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň VII mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Baku şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) agza döwletleriniň musulman dini müdiriýetleriniň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň VII mejlisi geçirildi.
16.09.2026
1362
Ýerewanda durnukly ulgamy ösdürmek boýunça halkara maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 14-15-nji sentýabry aralygynda Ýerewanda Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler we halkara söwda ministrligi hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) bilen hyzmatdaşlykda «Sebitara we sebitiçi aragatnaşygy berkitmek üçin durnukly ulag geçelgelerini ösdürmäge ýardam bermek» temasy boýunça mümkinçilikleri ýokarlandyrmak barada iki günlük okuw maslahaty geçirildi.
16.09.2026
530
Türkmenistanda 20-nji sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň saýlawlary geçiriler
Türkmenistanyň çäginde bolýan Russiýa Federasiýasynyň raýatlary Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň saýlawlarynda ses bermäge gatnaşyp bilerler.