Hyzmatdaşlyk
11.11.2023
6058
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň direktory bilen duşuşdy
2023-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada iş sapary bilen gelen ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň direktory Matteo Mekaççiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
10.11.2023
4320
Türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşmalar geçirildi
2023-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal Milli geňeşiniň agzasy, «Hidaýah» zorlukly ekstremizme garşy Halkara merkeziniň direktorlar geňeşiniň başlygy Ali Raşid Al-Nuaýminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.
10.11.2023
5122
Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 7-8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Möwlamow Yslamabadyň kiçi söwdagärler we kiçi senagatçylar edarasynyň prezidenti Sajjad Sarwar we Yslamabadyň söwda-senagat edarasynyň prezidenti Ahsan Zafar Bahtawariniň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen duşuşyklary geçirdi.
10.11.2023
6098
Türkmenistan Korrupsiýa garşy halkara akademiýanyň agzasy boldy
2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça Federal ministrliginiň binasynda Korrupsiýa garşy halkara akademiýasyny (IACA) halkara gurama hökmünde döretmek hakyndaky Ylalaşyga Türkmenistanyň goşulýandygy baradaky güwänamany gowşurmak dabarasy geçirildi.
09.11.2023
4647
Türkmenistanda Filippinler Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Filippinler Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Roberto G.Manalodan ynanç hatyny kabul etdi.
08.11.2023
4818
Türkmenistanyň Palestinanyň halkyna ynsanperwerlik kömegi
Giň gerimli, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
08.11.2023
3876
Türkmenistan «G7» we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy
2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Merkezi Aziýanyň we «Uly ýediligiň» («G7») ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna onlaýn görnüşde gatnaşdy.
08.11.2023
4163
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 42-nji mejlisine gatnaşýar
7-nji noýabrda Parižde ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisi başlandy, ol işini 22-nji noýabra çenli dowam etdirer.
08.11.2023
3276
Taryhy baý halk röwşen geljegi kemala getirmäge ukyplydyr
Ýakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleri Hytaý Halk Respublikasyna on günlük iş saparynda boldular. Çäräniň guramaçylary — Hytaýyň «Parahatçylyk we ýaragsyzlanmak ugrunda assosiasiýasy» sebitiň öňdebaryjy analitikleri we bilermenleri duşuşyklara, söhbetdeşliklere we dessin-saparlara çagyryp, HHR-iň soňky ýyllardaky gazananlarynyň we üstünlikleriniň mysalynda umumy tagallalar bilen döwleti döwrebaplaşdyrmagyň nusgasyny bilelikde işläp düzdüler we üstünlikleri aýdyň görkezdiler.
08.11.2023
4698
Türkmenistanyň ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy
2023-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Gruziýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Daşary işler ministri I.Darçiaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.