Hyzmatdaşlyk
28.03.2023
5125
Daşary işler ministrliginde brifing geçirildi
Şu gün Daşary işler ministrliginde Arkadag şäherine, bu taslamanyň Türkmenistan üçin uly ähmiýetine hem-de ony durmuşa geçirmegiň halkara ugurlaryna bagyşlanan brifing geçirildi.
23.03.2023
7911
Türkmenistan Ukraina ynsanperwer kömegi iberdi
Türkmen halkynyň hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, ynsanperwerlik we raýdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp, 2023-nji ýylyň 22-nji martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky hossarlyga mätäç çagalara kömek haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ukrain halkynyň çagalaryna ynsanperwer ýüki iberildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
23.03.2023
4947
TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna seredildi
2023-nji ýylyň 22-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň DIM-i habar berýär.
22.03.2023
9756
Merkezi saýlaw toparynyň başlygy GDA-nyň synçylar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna syn etmek boýunça GDA-nyň toparynyň ýolbaşçysy hökmünde Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.
17.03.2023
4631
Türkmenistanyň DIM-nde Hindistanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2023-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Widhu P.Nair bilen gepleşikleri geçirildi we onuň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň gün tertibininde durýan wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
17.03.2023
4926
Aşgabatda türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Lusia Waýld bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
15.03.2023
6812
Bitaraplygyň dostlary toparynyň Jarnamasy BMG-niň sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edildi
Ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda geçirilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki duşuşygynyň Jemleýji Jarnamasy şu ýylyň 1-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde çap edildi.
15.03.2023
4456
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti Bahreýn Patyşalygynyň Manama şäherinde şu ýylyň 11 — 15-nji marty aralygynda geçirilen Parlamentara Birleşigiň Assambleýasynyň mejlislerine gatnaşdy. Onuň işine daşary ýurtlaryň 117-siniň parlamentleriniň wekilleri gatnaşýarlar.
15.03.2023
3616
Türkmenistanyň DIM-nde UNFPA-nyň ýurt boýunça direktory bilen gepleşikler geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) ýurt boýunça direktory Olaf Ronni Lindstrom bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
15.03.2023
5153
Türkmenistan bilen Keniýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýuldy
2023-nji ýylyň 14-nji martynda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik Wekilhanasynyň edara binasynda Türkmenistan bilen Keniýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Beýannama gol çekmek dabarasy geçirildi.