Medeniýet
28.11.2022
22318
Türkmenistanda dünýä halklarynyň aýdym-saz sungatyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwal we maslahat öz işine başlady.
28.11.2022
6198
Italýan kompozitorlarynyň eserleri ýaňlandy
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda nusgawy italýan kompozitorlarynyň üçüsiniň eserlerinden düzülen konsert boldy. Halkara bäsleşikleriniň diplomanty Stella Faramazowanyň we Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň konsertmeýsterliginde bu konserti kamera ansambly kafedrasy gurady.
26.11.2022
6177
Häzirki zaman saz bilim ýörelgelerine bagyşlanan maslahat
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Döwrebap bilimleri özleşdirmekde ölçegiň, metriň we ritmiň ähmiýeti» atly ýurdumyzyň ýöriteleşdirilen sungat mekdepleriniň okuw-usulýet maslahaty geçirildi.
25.11.2022
5525
Dynç günleriniň tomaşasy: gitara sazynyň festiwaly, akyl-paýhas bäsleşikleri we başga-da ençeme tomaşalar
Öňümizdäki dynç günleri aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary medeni çärelere, konsertlere we teatr oýunlaryna baryp, dynç alyp bilerler.
25.11.2022
4930
Nemes nusgawy sazlarynyň konserti
Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen konsert köp adamly boldy.
24.11.2022
6191
Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýi güneşli Täjigistana syýahata çagyrýar
Aşgabatda ýakynda başlanan Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde bolan sergi bilen dowam etdirildi.
23.11.2022
6268
Aşgabatda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri başlandy
Şu gün türkmen paýtagtynda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň başlangyjy bilen geçirilýän bu giň gerimli medeni çäre türkmen-täjik döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm goşant bolar.
23.11.2022
6490
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy: el işi sungatyny ösdürmekde tejribe alyşmak
Şu gün Türkmenistanyň 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde, noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň tertibine hem-de dialogyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda, sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çeper elli zenanlarynyň halkara jemgyýetiniň ilkinji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, şeýle hem BMG-niň düzüm birlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.
23.11.2022
7189
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Solmaz Muhammedowanyň şahsy sergisi açyldy
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda Türkmenistanyň halk suratkeşi, akademiýanyň bezeg we amaly sungat bölüminiň müdiri Solmaz Muhammedowanyň şahsy sergisiniň açyldy.
22.11.2022
11134
Türkmenistanda taryhy-medeni ýadygärliklere bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi
Şu gün paýtagtymyzda sanly ulgam arkaly «Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri: öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek tejribesi» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guraldy.