Resmi
17.10.2026
1031
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
Häzirki döwürde ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän iri möçberli beýik özgertmeleri, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 36 ýyllyk baýramyny, hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýetini, Watanymyzyň dünýädäki belent şan-şöhratyny, milli medeni mirasymyzy we gadymy gymmatlyklarymyzy kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän zehinli döredijilik adamlaryny ýüze çykarmak, olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmek hem-de höweslendirmek, türkmen edebiýatyny iri göwrümli eserler bilen baýlaşdyrmak, milli sungatymyzy has-da ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti edebiýat, medeniýet, sungat işgärleriniň we döredijilik bilen meşgullanýan beýleki adamlaryň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi.
13.10.2026
3134
G.Ýollyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Tawus Meýlisowna Amanowa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.
10.10.2026
3589
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda il-ýurt ähmiýetli ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek, halkymyzyň saglygyny, bagtyýar durmuşyny we abadançylygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan tutumly işler halkara derejede hem giňden ykrar edilýär. Gazanylan bu ajaýyp üstünliklerde saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleriniň uly paýy bardyr.
09.10.2026
4209
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilata halkara ölçeglere laýyklykda stomatologiýa we bedeniň äň-ýüz böleginiň kesellerinde innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap bejeriş-öňüni alyş kömegini bermegi guramak, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
28.09.2026
8300
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge döwlet derejesinde örän uly ähmiýet berilýär. Gözelligiň hem-de kämilligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, özara bähbitli tejribeleri alyşmak boýunça köp işler ýerine ýetirilýär.
28.09.2026
8445
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda
Türkmeniň milli baýlygy we göz guwanjy bolan behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmekde, olaryň baş sanyny artdyrmakda hem-de şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamakda gazanan uly üstünlikleri üçin, şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, karar edýärin:
28.09.2026
8191
Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalary
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmak we belende götermek, şeýle hem türkmen atşynaslyk sungatyny halkara derejede ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyny her bäş ýyldan bir gezek geçirmek hem-de onuň geçiriljek wagtyny we ýerini Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisinde tassyklamak bellenildi.
27.09.2026
8683
Watan goragçylary ýokary döwlet sylaglaryna we täze harby atlara mynasyp boldular
Mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlaryny hem-de jemgyýetimizde kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmekde, asudalygy gorap saklamakda bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekdi.
25.09.2026
7982
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy halkymyzyň ýokary ruhubelentliginde uly dabaralara beslenip, guwandyryjy zähmet üstünlikleri bilen garşylanylýar.
25.09.2026
7409
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, 1054 raýatyň günäsi geçilip, olar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.