25.10.2024
7695
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Mejlise türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.
25.10.2024
6542
“Türkmennebit” döwlet konsernine Birleşen Arap Emirlikleriniň “MBF Group DWС-LLС” kompaniýasy bilen şertnamana baglaşmaga ygtyýar berildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine guýularda sementleme we berkitme, düýpli abatlama işlerinde ulanmak üçin niýetlenen awtoulagda oturdylan degişli möçberdäki sementleýji agregaty ornaşdyrmak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň “MBF Group DWС-LLС” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.
25.10.2024
7304
“Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Ýaponiýanyň “Sumitomo Сorporation” kompaniýasy bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň “Energoüpjünçilik” kärhanasyna Ýaponiýanyň “Sumitomo Сorporation” kompaniýasy bilen Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň gaz turbina desgalarynyň, şeýle hem Türkmenistanda hereket edýän beýleki gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de berkitmek barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.
25.10.2024
6111
2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda öňdebaryjy innowasion çözgütleri durmuşa geçirmegiň we milli innowasiýa ulgamyny ösdürmegiň aýratynlyklarynyň amaly meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada gazanylan ylalaşygy ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna 2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde “Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
25.10.2024
3715
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Lyong Kyonga Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
25.10.2024
3758
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Demirgazyk Makedoniýanyň raýatlarynyň adyndan we hut öz adymdan Size mähirli gutlaglarymy, ýurduňyza hem-de onuň halkyna ösüş, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr.
25.10.2024
7554
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Siziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalara beslenýän günlerinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyňyzyň üstünlikli amala aşyrylmagy, şeýle hem saparyň dowamynda Size Tatarystan Respublikasynyň «Duslyk» ordeniniň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
25.10.2024
3992
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllyk baýramyna barýan günlerimizde Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar — Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
25.10.2024
8899
Himiýa boýunça halkara maslahat we olimpiada geçiriler
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti iki sany iri halkara wakalaryň – himiýa boýunça III halkara olimpiadanyň hem-de «Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilýän ýerine öwrüler.
25.10.2024
3986
Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly türkmen-meksikan syýasy geňeşmeleri geçirildi
2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistan bilen Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeleri geçirildi we oňa iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.