mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sport

news-photo

14.07.2022

total-veiw

5927

Futzal boýunça Türkmenistanyň 2022-nji ýyldaky Superligasynyň ýaryşy Mara geçdi

Futzal boýunça ýurdumyzyň çempionlygy ugrunda 8 topar bäsleşýär. Olardan – «Köpetdag», «Gümrükçi», «Senagatbank» we «Mlli goşun» - Aşgabada, TNGZT hem-de Türkmenbaşy şäheriniň «Deňizçi» toparlary Balkan welaýatyna, «Ahal» we «Daşoguz» degişlilikde Ahal we Daşoguz wealýatlaryna wekilçilik edýärler. 

news-photo

12.07.2022

total-veiw

5593

Täjigistanda geçýän CAFA-2022 zenanlaryň çempionatynda Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň toparlarynyň oýny 0:0 hasabynda deň tamamlandy

Täjigistanda dowam edýän Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň (CAFA) zenanlar milli toparlarynyň arasynda geçirilýän birinji çempionatynda Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň oýny utuksyz tamamlandy.

news-photo

12.07.2022

total-veiw

6296

Türkmen grossmeýsteri halkara ýaryşda ikinji orny eýeledi

Türkmensitanly grossmeýster Meýlis Annaberdiýew Ankarada geçirilen Başkent uniwersitetiniň V açyk Halkara küşt ýaryşynda kümüş medala mynasyp boldy. Türkiýäniň Küşt federasiýasynyň Başkent uniwersiteti bilen bilelikde guran ýaryşyna 7 döwletden we Türkiýäniň 44 wealýatyndan 600-e golaý küştçi gatnaşyp, olar 6 derejede çykyş etdiler.

news-photo

10.07.2022

total-veiw

13265

Türkmen futbolçy gyzlar CAFA-2022 çemionatynda Täjigistanyň topary bilen deň oýnady

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň futbolçylary Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň (CAFA) Duşenbe şäherinde bat alan birinji çempionatynda Täjigistanyň topary bilen 1:1 hasabynda deň oýnady.

news-photo

08.07.2022

total-veiw

7412

«Ahal» ikinji gezek Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyny eýeledi

«Ahal» topary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyny özünde alyp galdy. «Türmennebitönümleri» Baş müdirliginiň toparçasy aýgytlaýjy oýunda geçen ýylky milli çempionatda 3-nji orny eýelän Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» toparyny 2:0 hasabynda utup şeýle üstünlik gazandy.

news-photo

07.07.2022

total-veiw

8094

Türkmen kikboksçysy Uzbekistan Open-2 halkara ýaryşynyň ýeňijisi boldy

Türkmen kikboksçysy Goçmyrat Jumanyýazow Uzbekistan Open-2 halkara ýaryşynda altyn medal gazandy.

news-photo

07.07.2022

total-veiw

9578

«Ahal» we «Şagadam» Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy-2022 baýragy ugrunda bäsleşerler

Ýarym final duşuşyklarynyň netijesi boýunça «Ahal» we Türkmenbaşy şäherinden «Şagadam» klublarynyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy-2022 baýragy ugrunda bäsleşjekdigi aýan boldy.

news-photo

07.07.2022

total-veiw

8305

3х3 basketbol boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Aziýa Kubogy ugrundaky ýaryşyň final tapgyryna çykdy

3х3 basketbol boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy 8-nji iýuldan 10-njy iýul aralygynda Singapurda geçiriljek Aziýa kubogy ugrundaky ýaryşyň final tapgyryna çykdy. Aleksandr Paşkowyň tälim berýän türgenleri «E» toparçada Guamyň, Gazagystanyň we Papua-Täze Gwineýanyň toparlarynyň gatnaşmagynda şol ýerde geçirilýän saýlama tapgyrda ýeňiş gazanyp, şeýle üstünlige eýe boldular.

news-photo

06.07.2022

total-veiw

6736

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyny almak üçin bäsleşyän toparlaryň dördüsi galdy

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyny almak üçin Aşgabat şäheriniň sport meýdançalarynda ýaryşyň birinji tapgyrynda iki topara bölünen dokuz klubuň futbolçylary bäsleşdiler.

news-photo

05.07.2022

total-veiw

10246

Türkmenistanyň «Dostluk» futbol topary Yewraziyanyň klublarynyň arasynda Moskwa şäherinde geçirilen bäsleşikde kumuş medala mynasyp boldy

Türkmenistanyň Ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler Olimpiýa mekdebiniň «Dostluk» topary 2007-2008-nji ýyllarda GDA döwletlerinde doglan ýetginjekleriň arasynda 3-nji Ýewraziýanyň toparlarynyň arasynda Moskwada geçirilen futbol ýaryşynda kümüş medala mynasyp boldy.

...260