Sport
02.10.2022
4505
«Altyn asyr» çempionlyk ugrundaky göreşde «Ahal» bilen arany ýygyrdy
«Altyn asyr» toparynyň futbolçylary Türkmenistanyň çempionlygy ugrundaky ýaryşda öňde barýan «Ahal» topary bilen arany 5 utuga çenli ýygyrdy. Ýaryşda şeýle ýagdaý 11-nji tapgyrdan soň ýüze çykdy.
01.10.2022
6306
Çagalaryň arasynda küşt bäsleşikleri
Türkmenistanyň Küşt Federasiýasynyň ýolbaşçysy Wepa Mälikgulyýewiň aýtmagyna görä, diplomatlar we olaryň maşgala agzlay üçin Halkara küşt ýaryşy tamamlanandan soňra hem türkmen küştçileri dürli derejlei – milli we halkara ýaryşlarynyň birnäçesine gatnaşdylar.
30.09.2022
5392
Türkmen futzalçylary Aziýa Kubogy-2022 ýaryşynda Bahreýniň ýygyndysy bilen deňme-deň oýnadylar
Türkmenistanyň futzal ýygyndy topary Kuweýtde Aziýanyň Kubogy-2022 ýaryşynda Bahreýniň topary bilen 4:4 hasabynda deň oýnady, ol oýnuň tamamlanmagyna 30 sekunt galanda ýeňşi elden giderdi. Ol «B» topardaky ikinji tapgyryň duşuşygydy, toparda Özbegistanyň we Täjigistanyň toparçalary hem bar, bu topardan iki ýygyndy çärýek finala çykar.
30.09.2022
6109
«Merw» «Nebitçini» uly hasap bilen utdy
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 11-nji tapgyry Maryda we Aşgabatda geçen iki oýun bilen başlandy.
26.09.2022
9435
Ýurdumyzyň ýeňil atletikaçylary Samarkantda geçirilen Merkezi Aziýanyň açyk çempionatynda 11 medal gazandylar
Türkmenistanly türgenler Samarkantda tamamlanan ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatynda jemi 11 – üç altyn, bäş kümüş we üç bürünç medal eýelediler.
25.09.2022
4635
Türkmen futzalçylary Azerbaýjandaky türgenleşikde üçünji ýeňşini gazandylar
Türkmenistanyň futzal boýunça ýygyndy topary Bakuwdaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda üçünji ýeňşini gazandy. Ol Azerbaýjan çempionatynda oýnaýan «Record Club AZ» topary 2:1 hasabynda utdy.
24.09.2022
11852
Türkmenistanyň Prezidenti Bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň 2022-2052-nji ýyllar üçin niýetlenen döwlet strategiýasyny taýýarlamagy tabşyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet Maslahatyndaky çykyşynda Bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň 2022-2052-nji ýyllar üçin niýetlenen döwlet strategiýasyny taýýarlamagy tabşyrdy.
19.09.2022
6210
«Ahal» topary Maryda «Energetik» toparyny utup, ýeňişleriniň sanyny artdyrdy
Milli birinjiligiň sanaw tertibinde öňdäki orunda barýan «Ahal» topary Maryda geçen 10-njy tapgyrda ýerli «Energetigi» 4:0 hasabynda utup, Türkmenistanyň çempionatynda gazanan yzygiderli ýeňişleriniň sanyny sekize çenli artdyrdy.
19.09.2022
6648
«Biz güýçlüdiris! Biz deňdiris!»
Türkmenistanyň BMG-ä agza döwletleriň sanawyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň we BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň howandarlygynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde kiçi we uly ýaşly paralimpiýadaçylaryň arasynda «Biz güýçlüdiris! Biz deňdiris!» atly sport festiwaly geçirildi.
18.09.2022
7838
Türkmen futzalçylary Aziýa Kubogy-2022 ýaryşyna taýýarlygyň çäklerinde Azerbaýjanyň ýygyndysyny utdular
Türkmenistanyň futzalçylary Bakuwyň Sport köşgünde geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda Azerbaýjanyň ýygyndysyny 4:2 hasabynda utdular.