Wakalaryň jümmüşinde
28.10.2022
4666
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we doganlyk türk halkyna ýurduň milli baýramy — Türkiýe Respublikasynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
27.10.2022
5926
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Miloş Zemana Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
27.10.2022
3502
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hat
Ozaly bilen, ajaýyp Türkmenistana amala aşyran resmi saparymyzyň barşynda maňa hem-de Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetine bildirilen aýratyn üns, tüýs ýürekden myhmansöýerlik üçin hoşallygymy beýan edýärin.
27.10.2022
3963
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyna gelen hat
Ozaly bilen, doganlyk türkmen topragynda resmi saparda bolan wagtymyzda mähirli kabul edilendigimiz hem-de myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.
27.10.2022
5333
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä ýurduň Şiraz şäherindäki Şah Çerag aramgähinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.
27.10.2022
3644
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä ýurduň Şiraz şäherindäki Şah Çerag aramgähinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.
27.10.2022
4550
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
26.10.2022
4651
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwilini kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
26.10.2022
5197
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan jenap Rişi Sunaga Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
25.10.2022
4731
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.