mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

news-photo

18.11.2025

total-veiw

3368

Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

2025-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri Maksim Ryženkowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

news-photo

18.11.2025

total-veiw

3017

Türkmenistanyň we Alžiriň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Daşary işler, daşary ýurtlardaky milli jemgyýetçilik we Afrika işleri boýunça ministri Ahmed Attafyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

news-photo

18.11.2025

total-veiw

5006

Türkmenistan Özbegistan bilen Hytaý Halk Respublikasy, Merkezi Aziýa, Ýewropa Bileleşigi, Ýakyn we Orta Gündogar bilen baglanyşykly ulag ulgamlaryny döretmek üçin tagallalary birleşdirmegi teklip etdi

Daşkentde Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasyndaky duşuşykda, Türkmenistanyň halkara ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýän ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry diýlip atlandyryldy.

news-photo

18.11.2025

total-veiw

5945

Şawkat Mirziýoýew: Arkadag şäheri nusgalyk innowasion şäherdir

Daşkent şäherinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen duşuşygyň çäklerinde doganlyk ýurduň Baştutany Türkmenistanda halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň ygtybarly esasyny döredýän giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilişine haýran galýandygyny beýan etdi.

news-photo

18.11.2025

total-veiw

4873

Türkmenistan Özbegistany gaz pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga çagyrdy

Daşkent şäherinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen duşuşygyň çäklerinde energetika ulgamy, hususan-da, gaz pudagy iki ýurduň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlendi.

news-photo

18.11.2025

total-veiw

4710

Aziýanyň Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Türkmenistanyň milli ýygyndy topary ýene-de Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysyny utdy

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň futbolçylary Aziýa Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysyny 3:1 hasabynda utdy, onuň jemleýji tapgyry ilkinji gezek 2027-nji ýylda Saud Arabystanynda geçiriler.

news-photo

18.11.2025

total-veiw

2963

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň wekilleri Daşkentde geçirilen çärelere gatnaşdylar

15-nji noýabrda «Merkezi Aziýada ruhy miras we aň-bilim» atly halkara kongresiň çäginde Özbegistanyň Suratkeşler akademiýasynyň Merkezi sergi zalynda «Merkezi Aziýa: beýik geçmiş we beýik geljek» atly surat sergisi açyldy. Sergide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hersinden we Azerbaýjandan on sany sungat eseri görkezildi, bu bolsa sebitiň medeni baýlygyny görkezýän dürli ekspozisiýany döretmäge mümkinçilik berdi.

news-photo

18.11.2025

total-veiw

3339

Türkmen wekiliýeti Hytaýyň Dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi

14 – 16-njy noýabr aralygynda Pekinde geçirilen hytaý dili boýunça Bütindünýä maslahatyna gatnaşmagynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Hytaýyň Dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň (CLEC) direktory bilen iş duşuşygyny geçirdi.

news-photo

18.11.2025

total-veiw

4893

Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Edgar Rinkewiçe Latwiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

news-photo

17.11.2025

total-veiw

5884

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi

Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz Daşkentde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy. Sammitiň netijeleri sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.

...3259