Ï Ekologlar Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ekologlar Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar

view-icon 1687
Ekologlar Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar

Aşgabatda Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) iki sany sebit maksatnamasy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Bu resminamalara Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow hem-de GIZ-iň ýurdumyzdaky çäreleriniň utgaşdyryjysy bolup çykyş edýän Ýoahim Fris gol çekdiler.

Dabara Howa howplary boýunça maksatnamanyň biriniň müdiri Sergeý Makarow, geňeşdarlar – Amangül Öwezberdiýewa we Gülnar Mergenowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de ekologiýa edarasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýolbaşçysy Ç.Babanyýazow GIZ-iň Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny, ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini we onuň mundan beýläk hem dowam etdirilmegine umyt baglaýandygyny nygtady. GIZ-iň Türkmenistandaky işiniň utgaşdyryjysy Ýoahim Fris bolsa şeýle diýdi: «Biz ýer serişdelerini durnukly dolandyrmaga we howa şertlerine durnuklylygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlyk edýändigimize buýsanýarys. Biziň bilelikdäki tagallalarymyz Merkezi Aziýanyň has durnukly geljegi üçin umumy jogapkärçiligi görkezýär».

Maksatnamalaryň ikisi hem sebit hyzmatdaşlygyny güýçlendirmekde we Türkmenistanyň döwlet ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, tebigy baýlyklary gorap saklamak, ýer we suw serişdelerini ulanmakda utgaşykly çemeleşmeleri öňe sürmek, betbagtçylyk howpuny azaltmak, ýerli toprak-howa şertlerine laýyk netijeli tejribeleri işläp düzmek we durmuşa geçirmek boýunça tagallalaryny goldamakda özara baglanyşykly hereket edýär. Täze Teswirnamalar sebit özara baglanyşygynyň mümkinçiliklerini artdyrýar hem-de geçirilýän çäreleriň ornuny pugtalandyrýar. Resminamalara gol çekmek dabarasy 24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» (OGT 2025) atly XXX Halkara maslahatynyň we sergisiniň jemleýji gününiň çäklerinde boldy.