2025-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) döredilmeginiň 80 ýyllygy bellenilýär. Bu ähmiýetli senäni dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanda parahatçylygy, hyzmatdaşlygy we hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleriň toplumy geçirilýär. BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldaw bermeginde guralan «Umydyň we parahatçylygyň sazy» atly baýramçylyk konserti boldy.

Konsert başlamazdan ozal, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň binasynda Türkmenistandaky BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň işini görkezýän fotosergi ýaýbaňlandyryldy. Hödürlenen suratlar saglygy goraýyş, bilim, howanyň üýtgemegine garşy göreş, gender deňligi we sosial integrasiýa ulgamlaryndaky gazanylan üstünlikleri aýdyň görkezip, BMG-niň Türkmenistan bilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekdäki köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň netijelerini beýan etdi.
Ýygnananlary BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko gutlady:

– Biz şu agşam bu ýerde diňe bir sazyň gözelliginden lezzet almak üçin däl-de, eýsem, bizi birleşdirýän baky gymmatlyklar: adam mertebesi, deňlik we raýdaşlyk hakynda oýlanmak üçin hem ýygnandyk. Bu gymmatlyklar Birleşen Milletler Guramasynyň 1945-nji ýylda döredilen gününden bäri ýol görkezijisi bolup, olar biziň şu ýerde, Türkmenistanda we bütin dünýäde alyp barýan işlerimizde ylham bermegini dowam etdirýär.

Dmitriý Şlapaçenko Türkmenistanyň Hökümetine, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine, diplomatik topara, jemgyýetçilik guramalaryna we BMG-niň ulgamynyň agentliklerindäki kärdeşlerine – Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasyna, ÝUNISEF-e, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyna, BMG-niň Ilat gaznasyna (UNFPA), Migrasiýa boýunça halkara guramasyna, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligine, Halkara Zähmet Guramasyna (HZG) we beýlekilere Durnukly ösüş maksatlary, ählumumylygy we parahatçylygy ilerletmekdäki bilelikdäki tagallalary üçin hoşallyk bildirdi.
Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan çykyş eden Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow hyzmatdaşlyk we Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklary dowam etdirmek baradaky ýüzlenmäni ýetirdi.

Konsert ynsanperwerligiň, agzybirligiň we ýagty geljege bolan ynamyň nyşanyna öwrülen iň gowy eserleri özünde jemledi. Sazly agşamy Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri açdy. Çagalar horunyň we Mansur Şaripow, Döwran Şammyýew, Maýsa Nyýazowa, Munisa Hudaýbergenowa hem-de Asel Ruslanowa ýaly aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde belli «Heal the World» («Dünýäni sagalt») atly kompozisiýa ýaňlandy.
Agşam Jeren Gurbangylyjowanyň «Parahatçylyk hakyndaky aýdymy», «What a Wonderful World» («Nähili ajaýyp dünýä»), «Пусть всегда будет солнце!» («Goý, hemişe Güneş bolsun!») we ÝUNISEF-iň senasyna öwrülen «Lullaby» («Hüwdi») atly eserler bilen dowam etdi.
Türkmenistanyň Döwlet hory ýagşylyga we sazlaşyga bolan ynamy janlandyrýan eserleri ýerine ýetirdi. Sazyň we hereketleriň birligini çykyş eden aýdymçylar görkezdi. Agşam agzybirligiň we halklaryň dostlugynyň nyşany bolan meşhur «We are the World» («Biz bir Dünýä») kompozisiýasynyň ýerine ýetirilmegi bilen tamamlandy.
«Umydyň we parahatçylygyň sazy» atly konsert Türkmenistanyň esasyny düzýän daşary syýasat strategiýasyny aýdyň görkezdi. Halkara bileleşik tarapyndan giňden ykrar edilen oňyn Bitaraplyk konsepsiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitarap döwlet hukuk derejesini ýene bir gezek tassyklady. Şu ýylda hemişelik Bitaraplygymyza 30 ýyl dolýar.
Biziň ýurdumyz ählumumy abadançylygy üpjün etmäge we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşýar. Munuň mysaly hökmünde Türkmenistanyň BMG-niň çäklerindäki döredijilikli başlangyçlary, şol sanda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem hyzmat edýär.