Ï Birleşen Milletler Guramasynyň Jemgyýetçilik ösüşi boýunça Ikinji Bütindünýä Sammiti öz işine başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birleşen Milletler Guramasynyň Jemgyýetçilik ösüşi boýunça Ikinji Bütindünýä Sammiti öz işine başlady

view-icon 1587

Katar Döwletiniň Doha şäherinde 2025-nji ýylyň 4 – 6-njy noýabry aralygynda dowam etjek Birleşen Milletler Guramasynyň Jemgyýetçilik ösüşi boýunça Ikinji Bütindünýä Sammiti öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Birleşen Milletler Guramasynyň bu sammitine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we Ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylapowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, bölümçelerde garyplygyň öňüni almak we jemgyýetde ähli adamlaryň deň hukukly gatnaşygyny üpjün etmek, adam hukuklaryny pugtalandyrmak, gender deňligini üpjün etmek, sosial adalaty ösdürmek, her bir adama laýyk iş üpjünçiligi we jemgyýetçilik goragy, demografik, tehnologiýa we ekologik üýtgeşmeleriň jemgyýete edýän täsiri, halkara hyzmatdaşlygy, hususy pudak we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikdäki işleri kämilleşdirmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.