Murgap jülgesinde 150 metrden gowrak çuňlukdaky guýudan suw çykarýan nasosy elektrik energiýasy bilen üpjün etjek gün elektrik desgasy ulanmaga tabşyryldy. Täzelenýän energiýa çeşmesiniň bu guýa birikdirilmegi GIZ-iň maliýe goldawy netijesinde amala aşyryldy. Enjamyň gurnama we sazlama işlerini «Gerçek gala» we «Täze energiýa» kompaniýalarynyň hünärmenleri ýerine ýetirdiler.
Bu innowasion desganyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň, «Maryörisuw» gurluşyk-abatlaýyş kärhanasynyň wekilleri, şeýle hem täzelenýän energiýa çeşmelerini gönüden-göni ulanjak «Garaköli» we «Maldar» atly iň köne goýundarçylyk hojalyklarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri we çopanlary ýygnandylar.
Bu täzeligiň geljekki ulanyjylary durnukly örüde bakylýan maldarçylyk üçin energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrýan çözgütleriň ornaşdyrylmagyny goldadylar we toplanan tejribäniň beýleki oba hojalyk önümçiligi kärhanalary üçin oba hojalyk önümçiliginiň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagynyň amaly çärelerini has giňden ulanmaga itergi berjekdigini nygtadylar.
Dabaranyň çäklerinde, howanyň üýtgemegi şertlerinde suw serişdelerini durnukly dolandyrmak boýunça daýhanlaryň we hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle hem Garagum çöl şertlerinde maldarçylygyň zerurlyklary üçin Gün energiýasy esasynda işleýän suw basyşyny göterýän ulgamlaryň işiniň we netijeli ulanylmagynyň ýörelgelerini öwretmäge gönükdirilen amaly okuw maslahaty geçirildi.
Amaly sapak daýhanlara enjamyň öndürijiligini artdyrmaga, döwülmeleriň öňüni almaga we bakylýan sürüleri suw bilen bökdençsiz üpjün etmäge niýetlenen desganyň hyzmat möhletini uzaltmaga mümkinçilik berer. Aýratyn goýundarçylyk we düýedarçylyk hojalyklarynyň işine täzelenýän energiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň durnukly öri meýdanlaryny ulanmak üçin möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi. Şeýle ýerleri suwlandyrmak däp bolan dizel ýangyjynyň sarp edilmegini ep-esli azaltmaga, ulanmak çykdajylaryny peseltmäge we daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmaga ýardam eder.
Bu çäre Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) Türkmenistanda «Merkezi Aziýada howa bilen bagly howplary dolandyryşy» atly sebit maksatnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň çäklerinde geçirildi.