Ï Türkmenistanyň DIM-de CARIСC-iň direktory bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-de CARIСC-iň direktory bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 1466
Türkmenistanyň DIM-de CARIСC-iň direktory bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat beriş utgaşdyryş merkeziniň (CARIСС) direktory Mahmut Hamidowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Duşuşygyň barşynda M.Bäşimowa söhbetdeşini täze wezipä bellenilmegi bilen gutlap, onuň jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem ol CARIСC-iň alyp barýan işine ýokary baha bermek bilen, Merkeziň neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşde oňa agza ýurtlaryň tagallalaryny utgaşdyrmaga goşýan möhüm goşandyny nygtady.

Duşuşykda Türkmenistanyň häzirki zaman howplaryna we wehimlerine garşy göreşmekde halkara hem-de sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şol sanda CARICC-iň taslamalarynyň çäklerinde bilelikdäki işleri dowam etdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.