Ï Daşoguz welaýatynda üzüm önümçiliginiň möçberi artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynda üzüm önümçiliginiň möçberi artýar

view-icon 1402
Daşoguz welaýatynda üzüm önümçiliginiň möçberi artýar

Munuň şeýledigine şu tomus we güýz paslynda ýerli bazarlarda ösdürilip ýetişdirilen täze, dürli sortly üzümleriň alyjylara ýeterlik derejede we arzan bahadan hödürlenmegi şaýatlyk edýär. 

Şeýle-de şu ýyl şetdaly hem arzanlady. Olaryň bahasynyň pese düşmegi ýerli önüm öndürijileriň haryt üpjünçiliginiň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Welaýatyň ýaşaýjylary muny sebitde bagçylygyň ep-esli ösmegi bilen düşündirýärler. Onuň öňe gidýän ösüşine döwlet tarapyndan ýurdumyzyň agrosenagat toplumyny özgertmek boýunça amala aşyrylýan syýasat, tebigata seresaply garaýşyň we onuň baý serişdelerini rejeli peýdalanmagyň esasynda netijeli zähmet üçin döredilýän ähli şertler ýardam etdi.

Bagçylygy ösdürmekde 99 ýyl möhlet bilen ýerleri ulanmaga alan köp sanly hususyýetçileriň ýerleşen oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalarynyň hem uly orny bar. Olaryň bir bölegi miwe-gök ekinleriň önümçiligi, şol sanda köpýyllyk agaçlary we üzümçiligi ösdürmek üçin bölünip berildi.

Soňky ýyllarda bagçylyga bolan gyzyklanma diňe bir oba ýerlerinde däl, eýsem, şäherlerde-de ep-esli ýokarlandy. Käbir hususy ýyladyşhana hojalyklary hem miweli agaçlary ekmek üçin açyk meýdanyň bir bölegini bölüp berýärler.

Bularyň hemmesi bilelikde welaýatda her ýyl ýokary hasyl alynýan alma, armyt, garaly, alça, çereşnýa we ülje ýaly önümleriň täze, witaminli önümlere bolan islegi kanagatlandyrmaga, şeýle hem olaryň elýeterli bahalaryny ýylyň dowamynda saklamaga ýardam berýär.