Ï Türkmenistanyň we Wengriýanyň daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Wengriýanyň daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

view-icon 979
Türkmenistanyň we Wengriýanyň daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2025-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Wengriýanyň Daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýartonyň arasynda telefon arkaly gürrüňleşik boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýokary derejedäki duşuşyklaryň we saparlaryň uly itergi berýändigi nygtaldy.

Taraplar abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň we Wengriýanyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.

Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.