Ï Türkmenistan bilen Müsüriň Daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen Müsüriň Daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar

view-icon 955
Türkmenistan bilen Müsüriň Daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar

2025-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Müsür Arap Respublikasynyň Daşary işler, emigrasiýa we daşary ýurtlardaky müsürlileriň işleri boýunça ministri Badr Abdelattiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Söhbetdeşligiň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge bolan özara gyzyklanmasyny bildirmek bilen, halkara parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini bellediler.

Köptaraplaýyn düzümleriň, ilkinji nobatda, BMG-niň we YHG-nyň çäklerinde ýurtlaryň arasyndaky alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyk hem tassyklandy.

Gepleşikleriň dowamynda şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.