Ï K.I.Satpaýew adyndaky Gazak milli ylmy-barlag tehniki uniwersitetinde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

K.I.Satpaýew adyndaky Gazak milli ylmy-barlag tehniki uniwersitetinde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenildi

view-icon 1168
K.I.Satpaýew adyndaky Gazak milli ylmy-barlag tehniki uniwersitetinde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenildi

2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Almaty şäherindäki K.I.Satpaýew adyndaky Gazak milli ylmy-barlag tehniki uniwersitetinde Türkmenistanyň Gazagystandaky Ilçihanasy tarapyndan şanly senä – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýörite çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Çäräniň maksatnamasynyň çäklerinde Almaty şäherinde okaýan türkmen talyplary bilen duşuşyk guraldy. Oňa gatnaşyjylara 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň netijeleri boýunça giňişleýin maglumat berildi.

Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny dowam edýän Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň baştutanlygynda halkara giňişlikde giň goldawa eýe bolýan daşary syýasat strategiýasynyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýandygy bellenildi. Bu özboluşly doktrina parahatçylykly ýaşamak, sebitde howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin binýat bolup, 30 ýylyň dowamynda ýurdumyza ygtybarly hyzmatdaş we dünýä prosesleriniň işjeň agzasy hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýän netijeli gurala öwrüldi.

Şeýle hem gatnaşyjylara 2025-nji ýylda geçirilýän möhüm çäreleriň toplumy hem-de şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumy barada maglumat berildi.

Myhmanlara Türkmenistanyň soňky ýyllarda gazanan durmuş-ykdysady we medeni ugurlarynda gazanan üstünliklerini şöhlelendirýän wideoşekiller görkezildi.

Çärede talyplaryň döredijilik çykyşlaryna aýratyn orun berildi. Olar milli aýdymlary ýerine ýetirdiler, goşgulary çeper okadylar hem-de milli tanslary, şol sanda «küştdepdi» tansyny ýerine ýetirdiler.

Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň Gazagystandaky Ilçihanasynyň wekili uniwersitetiň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirip, türkmen talyplarynyň okuwy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.