Şu ýylyň 17 – 21-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň hünärmenleriniň we beýleki utgaşdyryjy edaralaryň gatnaşmagynda Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça merkeziniň (Gazagystan) bilermenler topary Türkmenistanyň çäginde Amyderýanyň meýdan barlaglarynyň dördünji tapgyryny geçirdi.
Ekspedisiýa işleri «Innowasion maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulanmak bilen Merkezi Aziýanyň serhetüsti suw serişdelerini howpsuz dolandyrmak ukybyny güýçlendirmek» taslamasynyň çäklerinde geçirildi.
Türkmen-gazak hünärmenleriniň bilelikdäki topary tarapyndan Kerki şäheriniň etrabyndaky hereket edýän gidropostda gözden geçirme işleri geçirildi, bu ýerde taslama arkaly maglumatlary hakyky wagta ýakyn ýagdaýda bermek üçin awtomatlaşdyrylan enjamlar bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. Wizual barlag we ara alyp maslahatlaşmalar tehniki çözgütleri taýýarlamaga, serhetüsti gidrologik monitoring ulgamyny ösdürmek üçin synag meýdançalaryny kesgitlemäge, hünärmenler we ilat üçin irki duýduryş mehanizmlerini döretmek boýunça maslahatlary taýýarlamaga hyzmat etdi.

Jemleýji maslahatyň dowamynda ekspedisiýa gatnaşyjylar Amyderýa jülgesiniň, esasan, derýanyň ýokary akymynda daglyk ýerlerde emele gelýän joşgun we sil hadysalary bilen häsiýetlendirilýändigini, bu hadysalaryň weýran ediji mümkinçilige eýedigini we sebitiň birbada birnäçe döwletiniň ilatly nokatlaryna täsir edip biljekdigini bellediler. Bu babatda ara alyp maslahatlaşmalara goşulan sinoptikler, gidrologlar, suw hojalygynyň hünärmenleri we halas edijiler sil emele getiriji hanalarda we akabalarda ýokary tizlikli akymlary döredýän güýçli garyň eremeginiň we ýagynlaryň döwürlerine, suwuň hasaba alnyş ulgamlaryny we gidrometeorologik gözegçilikleri kämilleşdirmäge, gaýragoýulmasyz çäre görmek ulgamlaryny işläp taýýarlamaga üns berdiler.