2025-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Angola Respublikasynyň Daşary işler ministri Tete Antoniunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma döredýän ileri tutulýan ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň, şol sanda taraplaryň başlangyçlaryna özara goldaw bermegiň ähmiýetini aýratyn bellediler.
Söhbetdeşligiň esasy mowzuklarynyň hatarynda şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň taýýarlyk meseleleri boldy.