Ï Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 15-nji duşuşygy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 15-nji duşuşygy geçirildi

view-icon 2346

2025-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Almaty şäherinde Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň (RCPPCA) ýardam bermeginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 15-nji duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň, BMG-niň syýasy meseleler we parahatçylygy gurmak meseleleri boýunça bölüminiň, şeýle hem RCPPCA-nyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Rejepow wekilçilik etdi. Ilçi öz çykyşynda Türkmenistanyň howpsuzlygy, durnukly ösüşi we sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara başlangyçlaryna işjeň gatnaşýandygyny belledi. Şeýle-de, Türkmenistanyň hereketleri halkara derejesinde ykrar edilen we BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamalarynda berkidilen hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýandygy nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini, Merkezi Aziýada sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda we ykdysadyýet, ulag-logistika geçelgeleri, suw-energetika we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri öz içine alýan sebit hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Şeýle hem Merkezi Aziýada parahatçylyga we howpsuzlyga täsirini ýetirýän wakalar we meýiller barada hem pikir alyşmalar geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, şeýle duşuşyklaryň ýüze çykýan howplara öz wagtynda jogap bermekde we täze wehimlere bilelikdäki çäreleri utgaşdyrmakda möhüm ähmiýeti nygtaldy.