Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany 2025-nji ýylyň 11-13-nji dekabryny iş güni däl diýip yglan etmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany 2025-nji ýylyň 11-13-nji dekabryny iş güni däl diýip yglan etmek hakynda

view-icon 57

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ilatynyň Halkara Bitaraplyk güni baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, karar edýärin:

2025-nji ýylyň 11–13-nji dekabryny iş güni däl diýip yglan etmeli.

Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 5-nji dekabry