Rumyniýanyň Milli gününe bagyşlanyp Aşgabatda geçirilen dabaraly kabul edişlikde çykyş eden Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda 33 ýylyň dowamynda toplanan özara peýdaly hyzmatdaşlygyň uly tejribe bolandygyny nygtady.
Bellenip geçilişi ýaly, hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we halkara düzümleriň çäklerinde amala aşyrylýar. Bu bolsa halkara we sebitleýin geosyýasatyň esasy meseleleri boýunça pikir birliginiň bardygyny tassyklaýar.

Hyzmatdaşlygy ösdürmekde ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rumyn hökümetara topary hem energetika we ulag boýunça türkmen-rumyn iş toparlary möhüm wezipäni ýerine ýetirýärler.
M.Astanagulow taraplaryň dürli hyzmatdaşlyk mehanizmlerini ösdürmäge bolan umumy ymtylyşyň energetika, senagat, ulag, oba hojalygy, syýahatçylyk we ynsanperwerlik işleri ýaly ileri tutulýan pudaklarda bilelikdäki taslamalaryň netijeli durmuşa geçirilmegine ýardam edýändigini nygtady.
Bulary bellemek bilen, ministr özara ulag arabaglanyşygyna aýratyn üns berdi.
«Geljegine umyt beslenýän maýa goýum taslamalarynyň biri-de ulag we aragatnaşyk pudagyndaky hyzmatdaşlykdyr. Has takygy, Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ulag baglanyşygy bolup hyzmat etjek Hazar deňzi – Gara deňiz halkara üstaşyr we ulag geçelgesini Türkmenistanyň, Rumyniýanyň, Gruziýanyň we Azerbaýjanyň gatnaşmagynda döretmek we durmuşa geçirmek baradaky hökümetara ylalaşygyň taslamasy» diýip M.Astanagulow aýtdy.

Şunuň bilen bir hatarda, M.Astanagulow bilim hyzmatdaşlygyna hem ünsi çekdi. Häzirki wagtda Rumyniýada, takmynan, 400 türkmen talyby okaýar. Ministr munuň iki ýurduň arasyndaky dostluk we taryhy gatnaşyklaryň pugtalanmagyna goşant goşýandygyny belledi.
Öz gezeginde, Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawal Türkmenistanyň daşary syýasatyna ýokary baha berdi we ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady.
«2025-nji ýyl – Türkmenistan üçin aýratyn ýyl, sebäbi döwlet hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýär. Pursatdan peýdalanyp, men Rumyniýanyň ýolbaşçylarynyň adyndan Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iň mähirli gutlaglarymy we işlerinde hem şahsy durmuşlarynda üstünlik arzuw edýändigimi ýetirmek isleýärin. Olaryň tutuş syýasy işi ýurduň ýokary Bitaraplyk derejesi bilen baglanyşyklydyr we türkmen halkynyň abadançylygyna, dünýä parahatçylygyna hem durnukly gülläp ösüşine bagyşlanýar. Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy Türkmenistan üçin diňe bir möhüm pursat bolman, eýsem, biziň hemmämiziň halkara gepleşikleriň we hyzmatdaşlygyň gymmatlyklaryna berk ynanýan pursadymyzdyr» diýip, diplomat aýtdy.