Ï Hormatly Prezidentimiz iş kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz iş kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi

view-icon 133

Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow iş kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

***

Beýik ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine üýtgewsiz eýerip, ýagşylyk etmek, rehimdarlyk, ynsanperwerlik baradaky taglymatlaryny goldanyp, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky dostlugy has-da pugtalandyrmaga çalşyp, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň çäklerinde iş kesilen daşary ýurt raýatlarynyň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi. Günäsi geçilen daşary ýurt raýatlary mundan beýläk jeza çäresini çekmekden boşadyldy.