Ï Şanly baýrama toý sowgady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şanly baýrama toý sowgady

view-icon 69
Şanly baýrama toý sowgady

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen ýurdumyzda döwrebap desgalardyr binalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär.

Gurluşygy alnyp barylýan desgalarda öz ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy, gurulýan binalaryň çalt depginde amala aşyrylmagyna, gurluşygyň özüne düşýän gymmatynyň pes bolmagyna uly ýardam edýär. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, ýurdumyzda gurluşyk materiallaryny öndürýän zawodlar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär, öňden bar bolanlarynyň durky düýpli täzelenýär.

Gurluşyk üçin zerur bolan ýokary hil derejesindäki önümleri öndürýän şeýle desgalaryň biri-de Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän Lebap sement zawodydyr. Bu ýerde zawodyň 2-nji tapgyrynyň gurlup ulanylmaga berilmegi ýokary hil derejesindäki sementiň öndürilişini has-da artdyrmaga ýardam etdi. Kärhanada işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde Halklara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 11 aýynda bir million 386 müň 300 tonna ýokary hilli sement öndürildi. Bu görkeziji ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende 356 müň 300 tonna artyk önümiň öndürilendigini aňladýar. Zawodda öndürilýän önümleriň bada-bat ýurdumyzyň dürli künjegindäki sarp edijilere ugradylmagy gurluşyk işleriniň alnyp barylýan ýerlerinde işleri bökdençsiz alyp gitmeklige ýardam edýär.

Lebap sement zawodynda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara hem uly möçberde eksport edilýändigini bellemek möhümdir. Kärhanada portland sementi, şeýle hem gidrotehniki binalaryň gurluşygynda ulanylýan sulfata durnukly sement öndürilýär. Taýýar bolan sement önümi ýörite geçirijiler arkaly sement ammarlaryna ugradylýar we haltalara gaplanylyp awtoulaglarda, şeýle hem wagonlara guýlup, demir ýol arkaly sarp edijilere ýetirilýär. Önümçiligiň yzygiderliligi merkezi dolandyryş bölüminiň hünärmenleri tarapyndan awtomatiki usulda dolandyrylýar we berk gözegçilikde saklanylýar. Kärhanada önümçilige goýberilýän çig malyň, şonuň ýaly-da taýýar önümleriň hil derejesi bu ýerde hereket edýän barlaghanalar tarapyndan takyk derňelýär.

Lebap sement zawodynyň öňki hereket edýän bölüminde portland sementiniň S-400 we S-500 görnüşleri öndürilýän bolsa, onuň 2-nji tapgyrynda gurlan bölüminde has ýokary hilli S-600 görnüşli sementi öndürmeklige hem mümkinçilik döredilendir. Zawodda Germaniýanyň, Türkiýäniň we beýleki Ýewropa döwletleriniň belli kompaniýalarynyň iň kämil, häzirkizaman enjamlar toplumlarynyň ornaşdyrylmagy bu ýerde öndürilýän önümleriň dünýä ülňülerine laýyk gelmegini üpjün edýär.

Köýtendag sebitiniň gymmatly magdanlaryň gorlaryna baý bolmaklygy, sement öndürmeklik üçin zerur bolan hek daşynyň, kwars çägesiniň, gips we toýun ýaly çig mal känleriniň zawodyň çägine ýakyn ýerde ýerleşmekligi işleri bökdençsiz alyp gitmeklige we önümiň özüne düşýän gymmatyny azaltmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa taýýar önümler ýerleşdirmekde we zawodyň girdejisini artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Lebap sement zawodynda ýetilýän belent sepgitler kärhananyň agzybir zähmet toparynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllyk şanly baýramyna mynasyp toý sowgadydyr.