Ï Şanly ýyla bagyşlanan bäsleşikleriň jemleri jemlenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şanly ýyla bagyşlanan bäsleşikleriň jemleri jemlenildi

view-icon 58
Şanly ýyla bagyşlanan bäsleşikleriň jemleri jemlenildi

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň ilkinji gezek ykrar edilmeginiň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi döwletimiziň ata-babalarymyzyň gadymyýetden gelýän ynsanperwerlige ýugrulan däp-dessurlaryndan, parahatçylyk söýüjilikli sahawatly ýörelgelerinden gözbaş alýan içeri we daşary syýasatyna dünýä jemgyýetçiliginiň goýýan belent sarpasynyň ýüze çykmasydyr.

Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylygy, dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ündeýän berkarar Diýarymyzyň abraý-mertebesini ýene bir gez arşa göterdi. Ata Watanymyzyň äleme ýaň salan hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýy ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň, şol sanda döredijilik bilen meşgullanýan ildeşlerimiziň kalbynyň kelamyna, dilleriniň senasyna öwrüldi. Şanly ýylda ýokarda aýdylanlardan ugur alnyp, türkmen Bitaraplygynyň çuňňur mazmunyny açyp görkezmek maksady bilen ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde döredijilik bäsleşikleri yglan edildi. Bu bäsleşikler döredijilik bilen meşgullanýan, şeýle hem ýurdumyzyň ösüşlerine jany-teni bilen buýsanýan bagtyýar raýatlarymyzyň arasynda uly seslenmeler döretdi.

Taryhy ýylyň başynda Lebap welaýatynyň «Türkmen gündogary» welaýat gazetiniň redaksiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komiteti hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi bilen bilelikde şeýle mazmunly bäsleşikleriň ikisi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» hem-de «Ýaşasyn parahat durmuş!» ady bilen yglan edildi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň dünýä möçberinde giňden toýlanylýan ýylynda ýurdumyzyň okgunly ösüşlerini, bagtyýar halkymyzyň parahat durmuşyny döredijilik žanrlarynyň goşgy, hekaýa, makala, oçerk, ýaly görnüşleriniň üsti bilen beýan etmek boýunça geçirilen bu bäsleşiklere dürli ýaşdaky ildeşlerimiziň uly toplumy gatnaşdy.

Ýakynda Lebap welaýat kitaphanasynda bu bäsleşikleriň jemleri jemlenildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» bäsleşiginiň goşgy žanry boýunça bäsleşiginde Darganata etrabynyň ýaşaýjysy Öwez Gurbanýazow 1-nji orna, Halaç etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy Esen Çaryýew hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Begenç Baýramow degişlilikde 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp boldular. Makalalar ugry boýunça bäsleşikde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Aýgözel Garlyýewa 1-nji, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy Agamyrat Akyýew 2-nji, şeýle hem welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy Gülälek Batyrowa 3-nji orunlara eýe boldular. Bäsleşikde hekaýalar ugry boýunça Darganata etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy Nurguly Ýagmyrow, Saýat etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň müdiri Göwher Baltaýewa we Farap etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň mugallymy Enejan Hudaýberdiýewa degişlilikde 1-nji, 2-nji hem-de 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Asuda, parahat zamanamyzyň, hoşniýetli Bitaraplyk ýörelgelerimiziň çuňňur mazmunyny açyp görkezmek, döwletli-döwranly döwrümiziň mukaddesliklerini beýan etmek boýunça makalalar we oçerkler ugry boýunça geçirilen «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly bäsleşige hem ildeşlerimiziň onlarçasynyň gatnaşandygyny belläp geçmek ýakymlydyr.

Bu bäsleşikde makalalar ugry boýunça Hojambaz etrabynyň ýaşaýjysy Çaryýar Pirimkulow 1-nji, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Süleýman Baýramgeldiýew 2-nji hem-de Saýat etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri Akjemal Şirowa 3-nji orunlara mynasyp diýlip hasaplanyldy. Bäsleşigiň oçerkler ugry boýunça Köýtendag etrap kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oral Temirow 1-nji orna, Dänew etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň mugallymy Gülnara Joraýewa hem-de welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Gurban Çaryýew degişlilikde 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Bäsleşikde ýeňiji bolanlara dabaraly ýagdaýda Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.