Ï Türkmenistan halkara jemgyýetçiligini BMG-niň howandarlygy astynda tagallalary birleşdirmäge çagyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan halkara jemgyýetçiligini BMG-niň howandarlygy astynda tagallalary birleşdirmäge çagyrdy

view-icon 293
Türkmenistan halkara jemgyýetçiligini BMG-niň howandarlygy astynda tagallalary birleşdirmäge çagyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumda çykyş etdi.

Gahryman Arkadagymyz çykyşynda: «Mümkinçilikleriň oňyn derejede utgaşdyrylmagy, syýasy pähim-paýhas, dünýä bileleşiginiň, jemgyýetçilik-syýasy gurluşyna, çäk ölçegleriniň, ilat sanyna hem-de beýleki ýagdaýlara garamazdan, ähli döwletleriň mümkinçilikleri oňyn derejede utgaşdyrmaklary, syýasy pähim-paýhasy, erk-islegi hem-de öz garaýyşlaryna ygrarlylygy talap edýär. Häzirki wagtda biz dünýäniň geljegi üçin jogapkärdiris» diýip belledi.

Gahryman Arkadagymyz şeýle jebisleşik barada aýdylanda, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasyny göz öňünde tutýandygyny belledi.

«Köptaraplaýyn kanunylyga hem-de ygtyýarlylyga eýe bolan ýeke-täk halkara guramasy hökmünde BMG-niň mümkinçiliklerini peýdalanmak zerurdyr. Parahatçylyk we ynanyşmak esasynda hyzmatdaşlyk BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen, ykrar edilen syýasy we hukuk esaslaryň anyk we aýdyň ýörelgeleriň bolmagyndan-deňhukukly, özara hormat goýmak özygtyýarly beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk taglymlaryndan ugur alýar» diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýörelgelere eýermegiň parahatçylygy gorap saklamagy, hereketleriň anyklygyny üpjün eder, birek-birek bilen söhbetdeşlik medeniýetiniň sütünini täzeden gurmaga mümkinçilik berjekdigini nygtady.