Ï Aşgabatda «Go Viral» taslamasynyň çäginde şäher festiwaly geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda «Go Viral» taslamasynyň çäginde şäher festiwaly geçirildi

view-icon 1278
Aşgabatda «Go Viral» taslamasynyň çäginde şäher festiwaly geçirildi

13-nji dekabrda «Iş Nokady» merkeziniň meýdançasy Merkezi Aziýanyň özboluşly paýtagtlaryny birleşdirýän bir ýere öwrüldi. Bu ýerde şäherleriň ösüşine, şeýle-de doganlyk şäherler konsepsiýasyna bagyşlanan, «Go Viral Central Asia» taslamasynyň çäginde geçirilen «Turkmenistan Urban Night Fest» atly şäher festiwaly geçirildi.

Ara alnyp maslahatlaşylan esasy şäher, elbetde, ak mermerli Aşgabat boldy. Türkmenistanyň paýtagty Ginnesiň rekordlar kitabyna birnäçe ugur boýunça girizilen rekordlary bilen tanalýar. Olaryň hatarynda dünýäde ak mermerli şäher, dünýäde iň uly çüwdürimler toplumy, şeýle-de ýapyk görnüşdäki dünýäde iň beýik syn ediş çarhy. Şeýle-de rekordlaryň sanawyna teleýaýlym diňindäki iň uly ýyldyz şekili, Olimpiýa stadionyndaky ahalteke bedewiniň iň uly binagärlik şekili, hem-de Halkara howa menziliniň iň uly nagyşy girýär.

Aşgabadyň dünýä boýunça giň gerimli doganlyk şäherleriň ulgamy bar. Oňa GDA ýurtlarynyň paýtagtlary — Astana, Bişkek, Duşanbe, Daşkent, şeýle-de Ankara (Türkiýe), Lançžou (Hytaý), Ulan-Bator (Mongoliýa) we beýleki şäherler girýär.

Gyzykly maglumatlaryň biri hem paýtagtymyzyň belli köçeleriniň biriniň ilkinji doganlyk şäheriň (1974-nji ýyldan bäri) — Mali Respublikasynyň paýtagty Bamako şäheriniň ady bilen atlandyrylmagydyr. 1990-njy ýyldan bäri Albukerke (ABŞ) hem Aşgabat üçin doganlyk şäher bolup durýar, bu hyzmatdaşlyk bolsa medeniýet, bilim we dolandyryş ulgamlaryny öz içine alýar.

Halkara binagärlik akademiýasynyň professory, Türkmenistanyň Binagärler birleşiginiň jogapkär sekretary Ruslan Myradow Aşgabadyň döreýşi we ösüşi barada giňişleýin maglumatlary öz çykyşynda beýan etdi. Soňra özara çekişmelerde diňe Aşgabatda däl, eýsem goňşy Merkezi Aziýanyň paýtagtlarynda hem ekologiýa ýagdaýy, tehnologik ösüş we şäher infrastrukturasy barada pikir alşyldy.

Çäräniň dowamynda ýaş suratçy we režissýor Erkin Ýazow köçe fotosuratçylygy ugrunda alyp barýan işi hem-de bu ugurda ösüşe ýetmek mümkinçilikleri barada gürrüň berdi. Sanly-suratçy Katalina Midýan bolsa sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly etniki äheňli brendi ösdürmekdäki tejribesini paýlaşdy. Çärä gatnaşan myhmanlar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýetini we şäher innowasiýalaryny görkezýän sergi diwarlyklaryndan, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň paýtagtlarynyň özboluşly aýratynlyklaryndan lezzet aldylar.

Festiwalyň ahyrynda meýletinçiler «Küştdepdi» gadymy türkmen halk tansyny ýerine ýetirdiler. Bu tansyň ýerine ýetirilmegi we aýdym-saz bilen baglanyşykly däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilikli sanawyna girizildi. Çäräniň ahyrynda lotereýa oýny geçirilip, guramaçylardan gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

«Go Viral» maksatnamasy işewürlik, innowasiýalar, tehnologiýalar we metbugat ugurlarynda döredijilikli hem-de jemgyýetçilik başlangyçlary ösdürmäge gönükdirilendir. Ol hünär we şahsy ösüş, sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek we Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşine oňyn täsir edip biljek möhüm başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin köp sanly özboluşly mümkinçilikleri hödürleýär.

Türkmenistanda «Go Viral» taslamasy IDEA Merkezi Aziýa tarapyndan «Mümkinçilik dünýäsi» jemgyýetçilik birleşigi bilen hyzmatdaşlykda, ABŞ-nyň Gazagystandaky Diplomatik missiýasynyň maliýe goldawy bilen durmuşa geçirilýär.