Ï Türkmenistan halkara hyzmatdaşlykda halk diplomatiýasyny işjeň ulanmaga çagyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan halkara hyzmatdaşlykda halk diplomatiýasyny işjeň ulanmaga çagyrdy

view-icon 731
Türkmenistan halkara hyzmatdaşlykda halk diplomatiýasyny işjeň ulanmaga çagyrdy

Halk diplomatiýasy resmi diplomatiýanyň möhüm daýanjy bolmalydyr. Bu çagyryşy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Aşgabatda geçirilen halkara forumdaky çykyşynda aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz däp bolup gelýän diplomatiýadan daşgary häzirki wagtda parahatlyk we ynanyşmak düşünjesini öňe sürmek üçin, parlamentara aragatnaşyklaryň, zenan we ýaşlar diplomatiýasynyň bu işe goşulmagynyň möhümdigini nygtady.

«Biziň ýurdumyz munuň üçin köp tagalla edýär. Diňe soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistan öz çäginde bu ugurda iri çäreleri, şol sanda wekilçilikli halkara hem-de sebit derejeli forumlary geçirdi. Şunda syýasy çözgütleriň kabul edilmegine täsir etmegiň goşmaça gurallaryna eýe bolan halk diplomatiýasynyň resmi diplomatiýa üçin möhüm goldaw bolup biljekdiginden hem-de şeýle bolmalydygyndan ugur alýarys» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.